Eý, Ülkesi Abat, Mülküne Magrur, – Magtymguly Pyragy

Eý, ülkesi abat, mülküne magrur,
Mülküñ bakasy ýok, näge ýatyp sen?
Eý ykbaly bidar, döwlete mesrur,
Döwlet wepasy ýok, näge ýatyp sen?
Şirin jan riştesi tende osaldyr,
Nebsiñ bir megesdir, mal bir asaldyr,
Dünýä aby sildir, ömrüñ bir saldyr,
Ömre ygtybar ýok, näge ýatyp sen?
Tagat bir dergaha ýoldur basgançak,
İşiñ beýle bolsa durma sen anjak,
Ogul, gyz mal-u zeñ saña asgynjak,
Goýmazlar gezmäge, näge ýatyp sen?
Pelek sañsar daşyn saña atypdyr,
Zemin aždarhasy paýyñ ýuwtupdyr,
Ajal tiz oragyn golda tutupdyr,
Binurbatdyr, biçer, näge ýatyp sen?
Magtymguly, işim ahy-zarydyr,
Bir mükemmel äriñ hyrydarydyr,
Dünýä ahyrýetiñ keşte käridir,
Tohum sançynawer, näge ýatyp sen?
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.