Eŷ, Huda-Ŷa, Gudratyňdan, – Magtymguly Pyragy

Eŷ, huda-ŷa, gudratyňdan,
Yokdan bar eŷlediň meni.
Deň-duşlardan gaŷra kylyp,
Gamgusar eŷlediň meni.
Teleň bagtym giňden salman,
Dileglerim kabul kylmaŷ,
Ylmy- dünŷä ata kylmaŷ,
Malga zar eŷlediň meni.
Gardaş-u ata-enemden,
Aŷrylyşyp doganymdan,
Jyda duşup il-ŷurdumdan,
Mysapyr eŷlediň meni.
Magtymguly pygan eŷlär,
Gözde ŷaşyn rowan eŷlär,
Haka zar-u nalan eŷlär,
Beŷle har eŷlediň meni.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.