Eý, Agalar, Bir Gün Bolar, Paý Alar, – Magtymguly Pyragy

Eý, agalar, bir gün bolar, paý alar,
Gulluk edip gezen ussada, belli,
Huda özi kime dogry gözlese,
Ýetişer myrada, maksada, belli.
Ol eýwany görseň, mundan geçer sen,
Köwser sakasyndan şerap içer sen,
Dolana dolana, peri guçar sen,
Injilde, Zeburda, Töwratda, belli.
Joşar sen, her sözi peýda eder sen,
Jan bilbilin saýrap, şeýda eder sen,
Pelek bir bakgaldyr, söwda eder sen,
Owwal-ahyr utar söwdada, belli.
Mest olar sen, jahyllykda joşar sen,
Bilmez sen, her işe başyň goşsr sen,
Bir gün bolsr, bir zulmata düşer sen,
Başyň bilmez, geçer gowgada, belli.
Haram urup, ganlar dökdüň ellikde,
Gel, ne iş bitirdiň segsen ýyllykda,
Gaýdyp ýaman ýoldan, gezgin gullukda,
Jennet diýip ýörgül tamada, belli.
Ajal – derä boýlar, başyňdan aşar,
Serişdäň kem bolar, akyldan çaşar,
Kyrk gün owwalyndan ýapragyň düşer,
“Öli” diýp at biýrler semada, belli.
Keramul katibeýn sag-u soluňa,
Ýazyp, namaň tabşyr magşar, goluňa,
Çarhy-pelek duzak gurmuş ýoluňa,
Sen üçin oturmyş saýada belli.
Kimseden alar sen, kimine biýr sen,
Halal parh etmeýin, haramy iýr sen,
Bir şaýydan ötri sowabyň biýr sen,
Düşer sen andan soň zulmada, belli.
Çaraýna baglaýyp, geýgen sowutlar,
Ýer goýnuna girdi münüp tabytlar,
Magtymguly, aýdar, deň-duş ýigitler,
Gardaşlar, ýat ediň dogada, belli.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.