Eşek Özün Egsik Saýmaz Bedewden, – Magtymguly Pyragy

Eşek özün egsik saýmaz bedewden,
Gymmat etseň, at ýanynda bellidir.
Bedew diýgeç, bolmaz hemme bedew deň,
Çyn bedewler meýdanynda bellidir.
Oglanlykda bilmez idiň, beg idiň,
Ýamana hiç ýokmaz sözüň, öwüdiň,
Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň,
Edebinde, ekramynda bellidir.
Bu jahandan doýmaz gözüň, sir bolmaz,
Her tilkiden ýolbars bolmaz, şir bolmaz,
Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz,1
Goç ýigitler myhmanynda bellidir.
Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda,
Hemaýatly ili gerek daşynda,
Ýigit özün maglum eder işinde,
Gylyjynda, zybanynda bellidir.
Magtymguly, garyplaryň gözýaşy
Daglary ýandyryp, erider daşy,
Pakyra jebir eden zalymyň işi
Ruzy-magşar diwanynda bellidir.
*
1“Her işandan buzurg bolmaz, pir bolmaz“ diýen nusgasy hem bar. Bu goşguda:
„Her göhertden bugra bolmaz, ner bolmaz,
Her ýyldyzdan Aftap bolmaz, Aý bolmaz,
Ýetim bolgan jomart bolmaz, beg bolmaz,
Desterhany atda, nanda bellidir“ diýen bent hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.