ene Men Adam – Kerim Gurbannepesow

Käteler begenýän ujypsyz zada,
Käte-de gyýylýan şonçajyga men…
Şu gün gabat geldim köçäň ugrunda
Ýolunyp oklanan gunçajyga men.

Gyssagly barýardym. Wagtym çäklidi.
Emma köz basan dek egildim aşak.
«Gunçajyk, kim Seni bagyňdan ýoldy?
Kim Seni har etdi köçede taşlap?»

Gunçajyk uludan aldy-da demin,
Aýamyň içinde ýylgyrdy sessiz…
Maňa şondan artyk sag bol gerek däl.
Şo sag bol besdir.

…Käteler begenýän ujypsyz zada.
Käte-de gynanýan şonçajyga men.
Şu gün gabat geldim köçäň ugrunda.
Ýolunyp oklanan arçajyga men.

Howlugyp barýardym. Elim goşludy.
Ýaltandym. Egilip bilmedim aşak.
Ýöne öz içimden gargynyp geçdim:
«Seni köçä oklan niçiksi peşşap?»

Arçajyk uludan aldy-da demin,
Yzymdan seredip, gyňraldy sessiz…
Maňa şondan artyk jeza gerek däl
Şo jeza besdir.

Bäş ädim ätdim-de, yzyma serpdim.
Goşum ýere oklap, egildim aşak.
Tozanyn üfledim, goltugma saldym
Gökje maňlaýyndan üç gezek ogşap.

Arça ne ýylgyrdy,
Ne-de gyňraldy.
Emma goltugymy ýylatdy sessiz.
Ýazygym geçildi. Ýene men adam.
Şo bagtym besdir.

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.