Emir Hem Onun Sonkur Atly Guly Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

EMIR HEM ONUN SONKUR ATLY GULY HAKYNDA HEKAÝAT

Bir emir ýönelip hammama sary,
Guluna gygyrdy: «Hany gel bäri!
Sen ýaly gulumyn bardygna sat men,
Legendir palçygam çykarma ýatdan!»
Sonkur on diýenni ýatdan çykarman,
Onun yzy bilen ugrady durman.
Olar golaý baran wagty hammama,
Muezzin çagyrdy ili namaza.
Sonkur barypýatan takwa kisidi,
Ol emire garap, egdi basyny:
«Bagysla, hojaýyn, özüne belli,
Namaz okamaly mahalym geldi.
Bu bolsuma göwün-kine etme-de,
Su bagyn astynda garas, gitme-de.»
Hojaýyn guluna ençe garasdy,
Sona baka sabyr-karary gaçdy.
Namaza baranlan bary dargady,
Ýöne onun guly gara bermedi.
Wagt günortana golaýlap ýördi.
Hojaýyn henizem garasyp durdy.
Ahyry metjidin golaýyna baryp,
Sesine bat berdi gulun çagyryp.
Sonkur gelip, seýle diýdi emire:
«Men üçin Alladan rugsat sora.
Ýanyna barasym gelse-de gaty,
Meni goýbermeýän onun gudraty.
Emir ýene guluna kän garasdy,
Ahyram bu bolsy ýüregne düsdi.
Hojaýynyn sesi ýene ýanlandy:
«Il birçak dargady, çyk senem indi!
«Seni su metjide goýbermeýän güýç,
Sypdyranok meni häzire deniç.
Bu gohun hiç. Arsa ýetse-de dadyn,
Öz bolmaly ýeri bardyr her zadyn!
Olaryn islegne, erkine bakman,
Umman balyklary goýnunda saklar.
Köp mahluklar gury ýeri halaýar,
Olar üçin sondan gowy näme bar?
«Towsana-da dogduk depe» diýleni,
Yns-u-jyns öz saýlan ýerin söýmeli.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.