Eksullykda Niçeleriň Döwrany – Magtymguly Pyragy

Eksullykda niçeleriň döwrany
Ýatyp, ýagşy gören düýşüne degmez.
Niçeler hasratda tapyp höşk nany,
Bir lezzetli tagam dişine degmez.
Soran bolsa, synam içre suzlar bar,
Ýüz tümenden egdir, niçe sözler bar,
Neýsansyz,nebatsyz niçe ýazlar bar,
Hsşluk bilen geçen gyşyna degmez.
Akyllar bar-başa baglap keçeler,
İçgin-içgin sorsaň,many seçeler,
Akmaklykda özüň bezäp niçeler,
Kellesine saran peşine degmez.
Aňlamaza aýat sözlerin diýseň,
Pygamber hadysyn öňünde goýsaň,
Gyýmazlykda müň söz gulagna guýsaň,
Ol sözler gulagnyň daşyna degmez.
Ynjytsa ogul-gyz ene-atasyn,
Toba kylmaý, hak geçirmez hatasyn,
Döwran gelse bilmez, ne iş tutasyn,
Her kimiň bu işler başyna degmez.
Niçeler mal tapmaz, teňgi- dest bolar,
Niçeler bar- dünýälikden mest bolar,
Niçeler bar – ýigitlikde nist bolar
Niçeler bar –süren ýaşyna degmez.
Magtymguly, gerçe işim namazdyr,
Köňlüm perişandyr, sehwim derazdyr,
Adam bar- müň tümen iýdirseň azdyr,
Adaam bardyr – iýen aşyna degmez.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.