ekşenbe Säheri – Kerim Gurbannepesow

Ukrain satirigi Mariýa
Wowçogyn kitabynyň titulyna
bellenen setirler.

Bu niçik säher?
Bu niçik kitap?
Bir okan ýerim
Üç sapar okap,

Düşünip bilmän,
Agdarýan yza.
Nätdigiň boldy,
Mariýa daýza?

Seniň kitabyň
Okamda öňler,
Bolardy gaýgym
Agdarda-düňder.

Gaýgyň deregin
Tutardy şatlyk…
Häzir-ä, näme,
Dünýä abatlyk.

Aman-esenlik
Goňşy-golamlar
Gitdi ölenler,
Saglyk – galanlar.

Çykdym eýwana
Bakdym aşaga.
…Aglapjyk otyr
Ýetimje çaga.

Şojagaz çaga
Goýýança sesin,
Ne gulak ümsüm,
Ne ýürek ümsüm,

Azajyk garaş,
Mariýa daýza.
Kemputjyk bereýin
Ojagaz gyza…

Diňsin gyzjagaz.
Okaryn onsoň…
Düşünýäňsiň-le
Sen ene bolsaň…

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.