Dyrnagy Demırden Talañçy Dünýä, – Magtymguly Pyragy

Dyrnagy demırden talañçy dünýä,
İşiñ ýokdur namys bile,ar bile,
Jebri-jepasy köp,ýalançy dünýä,
Goýmaz sen gezmäge ýary-ýar bile.
Muhubbet öwjünden ýar bir gel diýse,
Matlabyñny istäp,menden al diýse,
Bir gün durduñ,bir gije hem gal diýse,
Gadam goýsam aýak ýerne ser bile.
Ösdükçe öwç eder dünýäniñ ýeli,
Kast etse gurudar derýaýy-Nili,
Bir günde ersedip,mest eder pili,
Bir günde nist eýlär peşe per bile.
Zeminiñ üstünde daglar çökär sen,
Tomaşagär bolup,kesä çykar sen,
Her närsäni bir wejh ile ýykar sen,
Jülgäni sil bile,dagy gar bile.
Telmuryp,dat etseñ,gulak tutmaz sen,
Ýyglap, ýaş dökene rehim etmez sen,
Jan matagyn alsañ, gaýdyp satmaz sen,
Ýene dönüp almak bolmaz ser bile.
Leýli üçin ne jebir etdiñ Mejnuna,
Zalym, ynsap eýle bu nähek huna,
Günde kyrk at bezäp berdiñ Karuna,
İsa mydar berdiñ ýeke har bile.
Magtymguly aýdar, işiñ talandyr,
Bu nobat çohlardan geçip gelendir,
Ygtybaryñ ýokdur, sözüñ ýalandyr,
Dost goýmadan, ýegsan etdiñ ýer bile.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.