Düýe Ogurlan Syçan Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

DÜÝE OGURLAN SYÇAN HAKYNDA HEKAÝAT

Bir Syçanyn disläp Düýän owsaryn,
Yzyna düsürip barsyny görün.
Özünden göwni hos, aýdymjyk aýdyp,
Barýar ol dag ýaly Düýäni idip.
Saýýar ol özüni Düýän deninde…
Birden derýa çykdy bulan önünden.
Tegelendi Syçanjygyn gözleri,
Düýe ona garap, seýle sözledi:
«Birden ýelin ýatmagynyn sebäbin
Bileli, gadyrdan, et bize mälim?»
Syçanjyk seslendi: «Bu äpet derýa
Görýän-ä, çyrpynyp, yndarlyp barýa.
Munun düýpsüz bolaýmagam ähtimal,
Son üçin göwnüme getirdim melal».
«Bar gorkyn sol bolsa senin eger-de,
Barlap göräýeris suwa girer-de.
Görnüsi hernäçe josly bolsa-da,
Akymynyn bady güýçli bolsa-da,
Beýle çun däl eken, boldy dyzymdan,
Gorkup durma, giräý senem yzymdan.»
Diýip, Düýe Syçanjyga gygyrdy,
Suwun ortasynda absarlyp durdy.
«Menin asyk ýaly müçäme bakman,
Diýýän sözlerini gör-ä bu pekgän.
Senin boýun nire, men boýum nire?
Örän tapawutly gardas, bu ara…».
Naýynjar esdildi Syçanyn sesi,
Muna äpet Düýän tutdy gülküsi.
«Ýap-ýanja-da ýaman gabarýardyn-la,
Indi menin diýjek sözümi dinle.
Den däldir hiç wagt çynardyr hysa
, Senem mundan beýläk öz denin gasa.
Basyn gossan basarmajak isine,
Ryswa bolup, kakdyrarsyn disine».
«Günämi geç» diýip, dillendi Syçan,
«Öz çakym tanaman su pursata çen,
Müçäm kiçem bolsa, çisdim gabardym,
Ine, indem üstüme howp abandy.
Kömek edäýmesen, men halym harap,
Howpdan sypyp bilmen öz basym çarap».
«Ýeri, bolýa, sen bilen den bolmaýyn,
Men mydam ejize goldawa taýyn.
Menin kömegime mätäç sen bu gün,
Gel, hany, ýarmas-da örküjime mün.
Suwdan geçireýin kimdigne bakman,
Sen ýalyn münüsem men üçin ýük däl!».

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.