Düýänin, Goýunyn Hem Öküzin Jedeli – Jelaleddin Rumy Balhi

DÜÝÄNIN, GOÝUNYN HEM ÖKÜZIN JEDELI

Görüp ýolda ýatan bir bogdak oty,
Düýe, Goýun, Öküz begenen gaty.
Biraz oýa batyp, seslenen Goýun:
«Bölüssek, hijimiz bilmeris doýup.
Haýsymyz dünýäde köp ýasan bolsak,
Ot sonunky bolsun, ýaýnasyn ol dok.
Eger seýle etsek bolar göwnejaý.
Ulyny sylany halaýar Hudaý».
Öküz ýogyn molap, diýipdir so hal:
«Goýnun maslahaty unamazça däl.
Bu isde hiç kimin galmasyn göwni,
Her kim aýtsyn näçe ýasyndadygny».
«Hasaplaýyn ýasan ýyllarmyn sanyn,
Gezdim sürüsinde Halylullanyn.
Ondan bärkilerni aýdyp durmaýyn,
Basga pygamberin – ady Ybraýym.
Ilki soýup, gurban beren goýny-da,
Men söwer dostumdy, alýan boýnuma».
Diýip, Goýun tamamlanda gepini,
Öküz dillenipdir: «Dinlän siz meni.
Diýýän sözlerimde hiç ýokdur ýalan,
Adam ata ýer sürüpdi men bilen!»
Düýe haýran galyp olan geplerne,
«Näme, çypdyrýanyz?» diýmegin ýerne,
«Edýänim su!» diýýän ýaly hamana,
Ýanky oty hellewledip asmana,
Diýipdir: «Etmälin biderek jedel,
Ota haýsynyzyn agzynyz ýeter?
Nä aldajak bolup, çekýäniz azap,
Sizden ýas däldigim, görnüp duran zat».

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.