Durdy Şahyr,senden Habar Alaýyn, – Magtymguly Pyragy

Durdy şahyr,senden habar alaýyn,
Öten pygamberiň ýaşy nädendir?
Hökmi Süleýmanyň ýaşyl towtini,
Magrajyň gapysy,gaşy nädendir?
Ol ne kimdir ýurtdan göçdi-dargady,
Ol ne kimdir dostun ýelden sargady,
Ol ne kimdir yşka-sähra ugrady,
Semerden asasy,peşi nädendir?
Ol kimdir bakyda mubtela galan,
Ol kimdir iline talaňlar salan,
Kyrk ýyl hijran çekip,saralyp-solup,
Özüne gürz uran kişi nädendir?
Ol ne gardyr mydam ýagar,erimez,
Ol ne derýa mydam joşar ýörimez,
Ol ne adam,suw içinde çüýrimez,
Akar gözleriniň ýaşy nädendir?
Ol ne agaç altmyş iki pudagy,
Kyrk sekiz kez okuň on iki sagdagy,
Ol ne handyr,sekiz ermiş otagy,
Otagynyň içiniň aşy nädendir?
Ol kimdir,bakyda bir röwşen göz bar,
Öňünde magnysy tört müň,tört ýüz bar,
Atasy äridir,aşyk bir gyz bar,
Goşulmaz hüýrlere,daşy nädendir?
Magtymguly aýdar, ýat etgil bizi,
Ýedidir garasy,akdyr sekizi,
Bir suratda nedir,oldur dokuzy,
Serindäki akly-huşy nädendir?
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.