Dünýäde Niçe Iş Bardyr,ýamandyr, – Magtymguly Pyragy

Dünýäde niçe iş bardyr,ýamandyr,
Biri oldur,ýersiz gahry hoş gelse,
Aşyga her güni ahyrzamandyr,
Ýardan yrak düşüp,ara daş gelse.
Dostuňy egleme nepden galmasyn,
Duşmanyň saklama syryň bilmesin,
Açda algyň,bege bergiň bolmasyn,
Iş müşgildir,aňlamaza duş gelse.
Zemin seni häli-häli yutarmy,
Akyl munda beýle bigamýatarmy,
Hiç bir masgaralyk mundan ötermi,
Giden gury gitse,gelen boş gelse.
On gat öýüň bolsa demir galadan,
Ajal tapar emir bolsa Alladan,
Hakykat är ýüz döndermez beladan,
Hak ryzasy bilen başa daş gelse.
Aşyk men diýip,lal urarlar ýalandan,
Bellisini aýdar sorsaň bilenden,
Il gözüňçe ýüz ýyl tagat kylandan,
Ýagşydyr bir säher gňzden ýaş gelse.
Baýlar baglap sahawatyň gapysyn,
Köpelder tamygyň möýün-apysyn,
Görüň bu eýýamyň pirin,sopusyn,
Dannamaýyn,tykar otyr,aş gelse.
Magtymguly, söýle aklyň ýetinçä,
Ahyretiň gazan bikär ýatynça,
Tamugdadyr tä dünýäden ötinçä,
Ýaman hatyn ýagşy äre duş gelse.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.