Dünýä Görmeý, Tutgun Galsaň Bir Künçde, – Magtymguly Pyragy

Dünýä görmeý, tutgun galsaň bir künçde,
Bady paý dek ýer ýüzüne ýeldim tut!
Çynma-Çynda, Rumda, Hındde, Hebeşde,
Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut!
Aç hem bolsaň, barma ile dilege,
Diý: “Köşkde men, başym barmyş pelege”,
Çölde galsaň hiç tapmaýan kölege,
Erem bagy içre saýa buldum1 tut!
Aş görende, özüň atma tullanyp,
Gerçe aç hem bolsaň, halka bellenip,
Zer dökübän, çyn gullarny goldanyp,
Tiz hem ölseň, Nuh ýaşyna geldim tut!
Mätäçligiň hakdan özge bilmese,
Ol rüzügär besdir, açdan ölmese,
Hindi kimin egin-örtiň bolmasa,
Patyşalyk püşeş çigne saldym tut!
Suwa, ele hökmi geçen Süleýman,
Bak, olardan ne nam galdy, ne nyşan,
Teşne galyp, jaýyň bolsa çölüstan,
Derä içre men İsgender boldum tut!
Ýoldaş bolsaň dile düşmez mur bile,
Ferş tapmaýyn, bile ýatsaň mar bile,
Ýigrim alty keret, ýüz müň är bile,
Karun hazynasyn gola aldym tut!
Magtymguly, çekseň jepa, jebir, bil –
Hudaga hoş geler, şükür-sabyr bil,
Gylça jana gyzyl teni gabyr bil,
Gyzyl tiliň sözlär eken, öldüm tut!
*
Bu ýerde “bulmak” sözi “tapmak” manyda
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.