Dükançy Hem Onun Hosboý Ysly Ýagy Döken Totugusy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

DÜKANÇY HEM ONUN HOSBOÝ YSLY ÝAGY DÖKEN TOTUGUSY HAKYNDA HEKAÝAT

Ir döwürde bir dükançy barmysyn,
Mydam totugusyn magtaýarmysyn.
Iýenini haklaýanam solmusyn,
Dükanyny saklaýanam solmusyn.
Geläýse bir kisi almaga bir zat,
Halys bizar edýärmisin sakyrdap.
Bir gün isi çykyp, gitdi bir ýana,
Totusyny sakçy goýup dükana.
Dürli-dümen barja harydy saklap,
Oturka töwerek-dasa ýaltaklap,
Bir pisigi görüp, haýaty göçdi,
Haryd-a hiç, hatda janyndan geçdi.
Harytlaryn arasynda bukuldy,
Sonda çetde duran çüýse ýykyldy.
Hosboý ysly ýag bardy on içinde,
Dukançy öwrülip gelse haçan-da,
Bolan isi görüp, gahary geldi,
Penjeläp, totunyn hüpügni ýoldy.
Toty ýarylara gelip gahardan,
Kes-kelläm ýüz sowdy suwdan, nahardan.
Kellesinin kelligine kejikdi,
Uzakly gününi dymyp geçirdi.
Hojaýyn gynanyp beýle ahwala,
Edil düsen ýaly çykgynsyz hala,
Gusuna ýalbardy: «Eý, mähribanym,
Dil aç ahyr, beýdip örteme janym.
Sen-rysgal-döwletim, gözüm nurusyn,
Sen hüpügni üten elim gurasyn!
«Sizem doga okan, gusum dil açsyn,
Ýene döwran dönsün, bagtym gül açsyn!
Diýip, çaga ýaly boýnuny burup,
Derwüslere ýüzlendi ol ýalbaryp.
Ýöne geplemedi onun kel gusy,
Dowam etdi durdy gamly durmusy.
Bir günem bir derwüs barýarka geçip,
Birden basyndaky telpegi gaçyp,
Onun kel kellesi ýalanaçlandy,
Muny görüp, gusun göwni hoslandy.
Sonam gygyrypdyr: «Eý, derwüs, esit,
Sen sypatyn näme, beýle üýtgesik?
Senem hojaýynyn ýagyny döküp,
Ýörmüsin men ýaly jezany çekip?»
Adamlar gen galyp onun sözlerne,
Gülüsdiler ýas aýlaýyp gözlerne…
Kä zatlar bir-birne etse-de çalym,
Hut soldur öýtmekden ägäräk bolun.
Kä kisin kä zada düsünsi ýalan,
«Weli–diýipdirler–özüni bilen».
Zat-zada çalymdas, adam-adama,
Ynanaýmak bolmaz, gören badyna.
Bar, namazhon, takwamysyn diýeli,
Sonda-da, däl-ä sen pir ýa-da weli.
Bir ýagdaýy akly bolan bilýändir:
Görseniz, sährada menzes gül kändir.
Ýöne solardanam ýylanlar-zäher,
Arylardan bal alýandyr her mahal.
Iýseler-de sol bir menzes otlary,
Den däldir haýwanlan hereketleri.
Ýatlaýyn oýlanyp oturman uzak­
Biri-süýt berýändir, beýleki-tezek…
Oýlan-da, hemmesin salyber ýada,
Su kysmy mysallar kändir dünýäde.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.