Dözmenem, Doýmanam, Durmanam, Eý Ýar, – Magtymguly Pyragy

Dözmenem, doýmanam, durmanam, eý ýar,
Bu saky döwründe içmeýin janym.
Jamy – meý sundugyň görmesin agýar,
Gelmenem aklyma görmeýin kamym.
Bolmuşam guwwas-u, ýüzmüşem köli,
Tapmyşam hemraýy, tutmuşam ýoly,
Şowkuň şerabyndan bolmuşam däli,
Bilmen niçik geçer çäştim-u şamym.
Tä nepes tendedir, tende jan bardyr,
Dil saňa maýyldyr, çeşm intizardyr,
Çökdigim pygandyr, werzişim zardyr,
Tä ki bu dert ile geçer eýýamym.
Gözleriň jellatdyr, tilleriň aýýar,
Gamzaň bimar eder, ýüzleriň timar,
Mansur belasyna bolsam giriftar,
Giderem sen sary süýreýip hamym.
Magtymguly, hoş hab içre ýatyrdym,
Emriňe ugradym, iman getirdim,
Özümni unutdym, huşum ýitirdim,
„Pyragy“ diýp çagyraý sen bu namym.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.