Dostlarym, Duşman Biliň, Älemde Bir Bardyr Çilim, – Magtymguly Pyragy

Dostlarym, duşman biliň, älemde bir bardyr çilim,
Eýle mahbun eýlemäň, bir gareti-jandyr çilim.
Suzlaban haly demi bir afgyýy-mardyr çilim,
Tartar uzyn kaýdyga, ki zengardyr çilim,
Kaýga bolsa dobzahylar, bezmide bardyr çilim.
Tüşgeç ol mejlis era, her kim çeker, bimar eder,
Al bilen aldap seni her dem özige zar eder,
Sag-salamat goýmaýyn imdi özige ar eder,
Gol-aýagyn şel kylyp, halk içre any har eder,
Bu sypatlar birse ol, çekmän ki, betkärdir çilim,
Kah-kah eýläp her zaman ol görseter bet hüýüni,
Bunuňyzga ysgaýyp, almaň oşol bet buýuny,
Eý, musulmanlar, halal diýp, kylmaňyz hiç oýuny,
Ahyretniň oýun etseň, tiz goýun bu oýuny,
Ahyretniň oýun etmeslerge derkardyr çilim.
Her kişi hoş hal olupdyr jim-u lam, mim atyga,
Nige pikr etmes oşol kim bu pelitniň zatyga,
Müdürer göýä any her dem şeýatin atyga,
Syhr edip her dem any, tartar özüniň katyga,
Çünki betkärler gözüge daýyma bardyr çilim.
Gul-gul eýläp her säher ol, agzyndan otlar saçar,
Her kişi akyl durar kim, beýle bet buýdan gaçar,
Kim any elge aly, göwsün anyň sary açar,
Ygtykat etse halal diýp, dini-yslamdan geçer,
Dini-yslamdan geçerge bir sebäpkärdir çilim.
Şeýle duşmadyr ki, taňla syryňyz paş eýleýir,
Bagty etmez solduryp, bu jismiňz läş eýleýir,
Gaýgy-hasrat ýok ekende çeşmiňiz ýaş eýleýir,
Her zaman düýt ýüwtduryp, hem öýkenňiz daş eýleýir,
Bary gapyl olmaňyzlar şeýle betkärdir çilim.
Eý, ýaranlar, nähý kylmyşdyr any bizge ahat,
Pikir edip, zikr eýledi kim, halk era abdyssamat,
Tebdil etmek, nehý kylmak işini bizge ne het,
Kim ki müňkür bolsa, anyň aldyda bardyr lahat,
Aýdadyr Magtynguly, bu bendäge nardyr çilim.
*
1 Jim, lam, mim – bu harplaryň şu ýerde goşulyp okalandaky manysy „çilim“.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.