Dostlar, Hiç Bendäni Ýaradan Alla – Magtymguly Pyragy

Dostlar, hiç bendäni ýaradan alla
Akyldan aýryup, jyda etmesin.
Bergen aklyn alyp, nauzy-billa,
Mal-u mülkün, tagtyn taraç etmesin.
Ýöremeýän kemal şiýan ilinde,
Intizardyr aýralygyň ýolunda,
Ýesir bolup, bir zalymyň golunda,
Eýäm hiç bendäni mätäç etmesin.
Watandan aýrylan aglar yzlaşyp,
Sapa bilen geçen ömrün sözleşip,
Ahyn çekip, dönüp yzyn gözleşip,
Hiç ilni ýurtdan ehraj etmesin.
Hiç kim muňly bolup, galmasyn garyp,
Daşyn garap , ile-güne telmuryp,
Agzasyna şikes gelip, sargaryp,
Näkuwwat, natuwan nalaç etmesin.
Magtymguly, huda towfyk berende,
Säher turup, ýalňyz ýollar ýörende,
Tarykatnyň rast ýoluga girende,
Ýolun şeýtan urup, du paç etmesin.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.