Dostlar-A, Dostum Meniň Şirin Jandan Söýgülidir, – Magtymguly Pyragy

Dostlar-a, dostum meniň şirin jandan söýgülidir,
Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir.
Baş bile barsam aňa, handan olursa güzeri,
Tutsam ol ýerde watan,ol ýer ki anyň ýoludur!
Diýrdi ýar: Men aşygym öz elim le katl edem,
Andan owwal gam meni paýmal edip almalydyr,
Gaýry le bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni ýar
Mejlis içre ýat edip diý : „Ol garyp gaýgylydyr“.
Ýar geler, bagt-da gider, gaflata batmyş gözlerim,
Açaýyn diýsem, açylmaz, ne agyr uýkulydyr.
Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.