Dört Adamyn Biri-Birine Düsünmän Eden Dawasynyn Hekaýaty – Jelaleddin Rumy Balhi

DÖRT ADAMYN BIRI-BIRINE DÜSÜNMÄN EDEN DAWASYNYN HEKAÝATY

Bir türk, bir pars, arap hem-de ýunanly
Bir dirhem pul üçin azara galdy.
Dördüsine berlen sol ýeke dirhem
Olaryn agzyny alartdy birden.
Pars dillendi: «Men-ä su berlen pula
Engur alyp paýlasardym siz bile».
Türk ara sokuldy: «Dinlän siz sözüm,
Engur nämä gerek? Alalyn üzüm!»
Ýunanly seý diýdi: «Stafil alyp,
Nenen gowy bordy iýsek dört bolup!»
Arabam kem galman, atdy-da owsun,
Diýdi: «Tananzok siz iýmitin gowsun.
Bir zatdan doldurjak bolsak bu garny,
Heý, eýnapdan gowam nygmat bolarmy?»
Hersinin bir sanaç ýelleri bardy,
Seýdip, olar gyzyl ýumruga girdi.
Edil ganym dusman ýaly, eý, aman.
Urusdylar bir-birni aýaman.
Ýaka ýyrtysdylalar,ýolmalasdylar,
Ysgyndan gaçdylar tapdan düsdüler.
Tapylan bolsady dillerne düsýän,
Olar bir-birege bolmazdy dusman.
Ol kisi dawany çözerdi ansat:
Dördüsinin isleýänem sol bir zat.
«Engur», «eýnap» ýene «stafil», «üzüm»
Dürli dilde aýdylysy bir sözün.
Düsünmän diline birek-biregin,
Ýykdy ol dördüsi dostluk diregin.
Sundan many alyp, bir zady bilin:
Agzybirlik üçin gerekdir bilim.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.