Dok Talaşar Sigse Hylgat Geýmäge, – Magtymguly Pyragy

Dok talaşar sigse hylgat geýmäge,
Kilim gözelzatdyr don tapylmasa,
Aç dyryşargaty nany iýmäge,
Muşgildir bişirge un tapylmasa.
Hasyl umydy bar ekin ekene,
Bu işler maglumdyr mähnet çekene,
Aýak ýylan basa bilmez tikene,
Neýlesin geerge gön tapylmasa.
Akylsyzlar iş ahyryn garamaz,
Jollab çigidinden garpyz döremez,
Agyr mijlislere çopan ýaramaz,
Neýlesin öterge jum tapylmasa.
Ýigitlikde her kim aşretde ýaýlar,
Başyna ýa geler, ýa gelmez köýler,
Dişsizler nan tapsa çäresin eýlär,
Muşgildir iýerge nan tapylmasa.
Magtymguly söýmez jedeli, jeňi,
Ahyrýet azm etdi köp dosty, deňi,
Dünýäde ne iş bar_ bolmaýyr soňy,
Muşakgatdyr tende jan tapylmasa/
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.