Dogry Mgryp Tarapdan, – Magtymguly Pyragy

Dogry mgryp tarapdan,
Şol mähribanym geldi.
Ýüz yşwany näz birlen,
Janyjananym geldi.
Men ýarnyň sernegüni,
Baglaýyr bu aýnyny,
Dökdi jigerden huny,
Şahy soltanym geldi.
Älemde şahy perwer,
Boldy ummatga serwer,
Jahan boldy minewwer,
Dürri galtanym geldi.
Kamaty serwi tuba,
Kadd,özi munteha,
Wejhi ruýy wazyha,
Serwi rowanym geldi.
Nikabyn ýüze salan,
Ýüz görsetip,jan alan,
Munça arzuwlap,ýanan,
Ah-u pyganym geldi.
Melek permana bakan,
Sidreti sähra çykan
Ah ursa,arşy ýakan,
Sahypkyranym geldi.
Magtymguly binowa,
Gözlemez senet sewa,
Ummatym diýip,daýyma
Hezret Işanymgeldi.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.