Dogry Bakmazlar Jullyýa, – Magtymguly Pyragy

Dogry bakmazlar jullyýa,
Göze gyzyl donly görner,
Söz pähim etmez akmak_gedi,
Öz ýanyndan tilli görner.
Başa degmeýinçä gurtlar,
Kasd etmäň, gerekdir ýurtlar,
Ýagyda tanalar mertler,
Il içinde mally görner.
Pikir et başa iş düşmände,
Yssy ýokdur soň puşmanda,
At meýdanda,är duşmanda
Toýda tirme şally görner.
Jany sagyň sözlär tili,
Jomardyň dek durmaz eli,
Her kişiniň öz akyly
Özüne kemally görner.
Gadymdan setdir ýagşylyk,
Ýagşy zatdyr ýagşy gylyk,
Mert ýigide az ýagşylyk,
Az hem bolsa, sewili görner,
Gel, akyl dolandyr indi,
Ýürek peýdendi, jan bendi,
Her kişiniň öz perzendi
Özüne jemally görner.
Magtymguly, söz binýadyň
Agzynda ýakynyň,ýadyň,
Hünär ýok, söz bilen adyň
Halk içinde belli görner.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.