Dogama Duş Gelen Gögerer Gül Dek, – Magtymguly Pyragy

Dogama duş gelen gögerer gül dek,
Gülüñ möwsümi dek döwran tapylmaz,
Gahrymnyñ ataşy köýdirer kül dek,
Kül ornunda gaýdyp bostan tapylmaz.
Köñül misapyrdyr,jeset ýurtdadyr,
Janym joşgundadyr,ýürek dertdedir,
Küýüm kämildedir, gözüm mertdedir,
Şum şertämden hiç bir merdan tapylmaz.
Köñül goýgul gözel alla köýüñe,
Meşgul bolup ýatma mala, oýuna,
Adamzat myhmandyr dünýä öýüne,
Bir gün öý içinde myhman tapylmaz.
Gaflat içre gapyl ýatma, turawer,
Her ne berseñ eliñ birle berewer,
Tiriklikde ölüm işin görewer,
Bir gün jeset içre bu jan tapylmaz.
Köñül awlaýyn diýip ugrasam her ýan,
Dawadyr, döwüşdir, käýiş tapar jan,
Aýdylmaz nesihat, okalmaz “Kuran”,
Jana ýakar edep-ekran tapylmaz.
Dergaha dogma köp, nalyşym bihed,
Täleýim zebundyr tenim bikuwwat,
Gaçgynym köplükdir istegim hylwat,
Maña hiç bir jaýy-pynhan tapylmaz.
Magtymguly, jan takdyra ten berdi,
Her kim özün saklaý bilse, nep gördi,
Haý, ne ýaman zatdyr, añlamaz derdi,
Jahyllyk derdine derman tapylmaz.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.