Diýen Goç Ýigidiň, Doganlar, – Magtymguly Pyragy

“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owal başda söwer ýary gerekdir,
Ondan soňra ogul-gyza howandar,
Ser jydasy, zülpükary gerekdir.
Gürbeden şir olmaz, göhert ner olmaz,
Her daş göwher olmaz, misden zer olmaz,
“Är men” diýen her biweçden är bolmaz,
Gaýraty, namysy, ary gerekdir.
Destur bolar ýol öwrenmek ustatdan,
Är myrady jedel bile gaýratdan,
Ýigit bardyr-parhy azdyr arwatdan,
Bilal bolsa, bagüftary gerekdir.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.