Diýdim – Magtymguly Pyragy

Diýdim
Diýdim: „Ýüzi tabana“. Diýdi: „Meňzär!“ Meňli han.
Diýdim: „Goýduň armana“. Diýdi: „Köňüldir weýran“.
Diýdim: „Ölerem imdi“. Diýdi: „Galar sen aman“.
Diýdim: „Ok kirpikleriň“. Diýdi: „Gaşlarym keman“.
Diýdim ki: „Puşeş geýmiş“. Diýdi: „Dony-zerefşan“.
Diýdim: „Ýüzde hallar bar“. Diýdi: „Roýda güller, heý“.
Diýdim: „Gumry zybandyr“. Diýdi: „Şähdi-diller, heý“
Diýdim: „Gel, sen habarlaş“. Diýdi: „Biler iller, heý“.
Diýdim: „Ol ne serwidir?“ Diýdi: „Inçe biler, heý“.
Diýdim: „Tawus ne kaýdan?“ Diýdi: „Jaýy-Hindistan“.
Diýdim: „Gijäň garaňky“. Diýdi: „Ukuda Aýym“.
Diýdim: „Kimler ýasawul?“ Diýdi: „Kirpigim-ýaýym“.
Diýdim: „Kaýda mesgeniň?“ Diýdi: „Lamekan jaýym“.
Diýdim: „Zerefşan erer“. Diýdi: „Köwserdir çaýym“.
Diýdim: „Ondan ber maňa!“ Diýdi: „Istärmiş bijan“.
Diýdim: „Bu ne tütündir?“ Diýdi ki: „Gara marlar“.
Diýdim: „Gorkaram andan“. Diýdi: „Il-u gün zarlar“.
Diýdim: „Sözüň aslyny“. Diýdi: „Sorar, duýarlar“.
Diýdim: „Syry paş etdiň“. Diýdi: „Aýtmyş aýýarlar“.
Diýdim: „Ölüm bar saňa“. Diýdi: „Saňa hem perman“.
Diýdim: „Eý, Magtymguly!“ Diýdi: “Gözler ýaş bolar!“
Diýdim: „Ol ne oglandyr?“ Diýdi: „Sizge baş bolar“.
Diýdim: „Ýakyndyr käbe“. Diýdi: „Köne daş bolar“.
Diýdim: „Ýagşy zamandyr“. Diýdi: „Bu hem düýş bolar“.
Diýdim: „Imdi gider men“. Diýdi: „Gitseň, bar aman!“.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.