Dertli Dilber, Dilleşer Sen, Gel Bäri! – Magtymguly Pyragy

Dertli dilber, dilleşer sen, gel bäri!
Dullukdyr meniñ-de bagrym dilenim.
Soraýyp men, men hem sen deý bir ýarı,
Seni soramakda ýokdur ýalanym.
Eger geñeş salsam ýada, bilişe,
Diýrler: “Şirin, asal ýaga gelişe”,
Säher ýazygym çün tursam nalyşa,
Owwal bir ýar bolar ýasda salanym.
Bilen ýanda meñzär gymmat düre sen,
Tanymaza duşup, degme ýere sen,
Kadyr kysmat etse maña bara sen,
Seniñ kimin ýardyr meniñ ölenim.
Her dilber kim, köñlüm öýün ýarydar,
Ýatan bagtyn ol ýaradan ýörüsder,
Gargyşym daşlary mum deý erider,
Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym.
Gözel görküñ gökde Günden aýynmaz,
Güli, destembili ysgan doýunmaz,
Magtymguly, baş bermese baýynmaz,
Mährimi inderip, nazar salanym.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.