Dertdir Bu Janyň Zilleti, Saglyk Anyň Soltanydyr, – Magtymguly Pyragy

Dertdir bu janyň zilleti, saglyk anyň soltanydyr,
Ten mülküniň ser döwleti dynmaz öter, myhmanydyr.
Nefs eýleýip serkeşligi ten tagtynyň meýdanyda,
Ruzy ezel ruhuň, ýagyn, şol ähdi, şol peýmanydyr.
Bu bazara gelgen kişi yhlasyn ary eýlesin,
Kabyl bolan yhlasly gul merdanlaryň merdanydyr.
Diýse bolar sed aperin, ruhun besläp, nebsin basan,
Hakykat anyň bazary, hak mejlisi meýdanydyr.
Waý halyna nebsin söýen, jan es ýerin ajyz goýan,
Ruzy-jeza ýoldaş aňa, bet işleriň puşmanydyr.
Är tapmadym – gulluk edem, ýol tapmadym –
Haja gidem, –
Bu iki iş bu ten era bu janymyň armanydyr.
Magtymguly bir gamzede, tä ki bu dert ile gider,
Bäş gün bu pany dünýäde bir aşygyň döwranydyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.