Derdim Köpdir Diýarymdan, Döwrümden, – Magtymguly Pyragy

Derdim köpdir diýarymdan, döwrümden,
Haýyr kaýsy, yhsan kaýsy, bilinmez.
Zalymlaryň jepasyndan, jebrinden
Yslam kaýsy, iman kaýsy, bilinmez.
Söhbetinde hak kelamyn söýlän ýok,
Mejlisinde bir nesihat eýlän ýok,
Halal kaýsy, haram kaýsy, saýlan ýok,
Sud kaýsydyr, ziýan kaýsy, bilinmez.
Halaýykda görelde ýok, görüm ýok,
Baýlarynda sahabat ýok, berim ýok,
Hatynlarda haýa, gyzda şerim ýok,
Edep kaýsy, erkan kaýsy bilinmez.
Kişiniň malyna gözün aldyrlar,
Täsin edip, köňle kine doldyrlar,
Bir-birini nähak ýere öldirler,
Nurbat kaýsy , aman kaýsy bilinmez.
Magtymguly, jan myhmandyr, göwre läş,
Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş,
Bu eýýamda baş – aýakdur, aýak – baş,
Ýagşy kaýsy, ýaman kaýsy bilinmez.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.