Deňzis Bile Deň Eýleseň Özüňni, – Magtymguly Pyragy

Deňzis bile deň eýleseň özüňni,
Dert boluban, sözi geçer janyndan,
Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan,
Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyndan.
Gahra münüp galdyrmagyn şeýtany,
Nebse uýup, unutmagyn rahmany,
Kesse aklyň ýagşy hergiz ýadyňa,
Her bir söze dolup-daşma ganyňdan.
Sabryň bolsa, subhan eter dadyňa,
Jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa,
Alma ýaman sözi hergiz ýadyňa,
Tiken bolup durtup geçer donuňdan.
Barça bolan işler hakyň işidir,
Aňa ten bermeýen – akmak kişidir,
Bir ýaman söz saňa ýylan dişidir,
Soksa, zähri asan çykmaz iniňden.
Magtymguly, ýalançydyr bu jahan,
Mesde akyl bolmaz, göwürde iman,
Jaýyň tapsa garynja deň pes duşman,
Arslan bolup, ýol götermez şanyňdan.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.