Deňim-Duşum, Goç Ýigitler, – Magtymguly Pyragy

Deňim-duşum, goç ýigitler,
Her kim bir işe ulaşdy.
Hak her kime bir ýol berdi,
Her kim bir borja dalaşdy.
Kimler girdi hak ýoluna,
Ýagşylyk düşdi päline,begler, hanlar,
Kim gylyç aldy eline,
Çaldy, yslam dinin açdy.
Ner bedewli , hanlar,begler,
Atlansa, dolar meýdanlar,
Çökdi dere, dökdi ganlar,
Goçaklar serinden geçdi.
Biz istedik ulug ýaran,
Nesip bizi etdi haýran,
Kimi gitdi Eýran, Turan,
Kim Yspyhan, Töwriz aşdy.
Haka aýan boldy halym,
Halkda bilen bolmaz mälim,
Magtymguly, meniň ýolum
Ol dostlardan aýra düşdi.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.