Deñ Bolar Diýp Saýmagyl, Işiñ Bet Efallyk Bile, – Magtymguly Pyragy

Deñ bolar diýp saýmagyl, işiñ bet efallyk bile,
Hiç kaçan deñ bolmagaý eşek bedew şalyk bile.
Gardaş olma hyz-haramy, pitne-ryswalyk bile,
Başyñny gowgaýa salma maly- dünýelik bile,
Tur, säher ýat eýle hakny, ýygla tenhalyk bile.
Bardy Tuguñ dagyna, hak birle boldy ol Kerim,
Ötdi añlar, galdy dünýä, geçdi eýamul-kadym,
Ýatsa ýer boldy düşek, örtünjesi parça kilim,
Bakdy goýnun Şuaýbnyñ ýedi ýyl Musa-kelim,1
Çölde gezdi daýyma raz aýdyşyp halyk bile.
Eý, aty ýüwrük ýigit, özi goçak, gülgün kaba,
Munda jebir etgen kişi, ol günde bolgaý rusyýa,
Her kişi zor eýleýip, alsa bu gün, bergeý saba,
Ol weliler serweri Soltan Weýis dek öwlüýa,
Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.
Ýakup ogly ol Ýusupnyñ käkilinden tutdylar,
Urdular, aglatdylar “gurt iýdi” diýip satdylar,
Niçe ýyl Eýup pygamber tenni gurt iýp ýatdylar,
El-aýagyn baglaýyp,Ýunusny derýa atdylar,
Niçe wagt tagat çekip,”Huw!” diýdi bir balyk bile.
Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyñ unutmadyñ,
Gohy-gähi zalym olduñ, görgeniñden gaýtmadyñ,
Gohy-gähi sopy bolduñ, hiç haramdan datmadyñ,
Bilmedim, sen kaýsy boldyñ, belli bir iş tutmadyñ,
Ne sypahylyk bile boldyñ, ne mollalyk bile.
*
1 “Ne aýypdyr, ne hata, bakdy goýup Musa-Kelim” nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.