Delalat Ýagşy1 – Magtymguly Pyragy

DELALAT ÝAGŞY1
Asla adamzada ajy söz urmaň,
Pakyra-misgine delalat ýagşy.
Bahyla ugramaň, güler ýüz bermäň,
Möüm bitirmäge kipaýat ýagşy.
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.
Ýigit oldur – söze eýlese amal,
Goldan gelmez işe etmese jedel,
Allanyň emrine kylmagyl bedel,
Bege – berim, şaha – adalat ýagşy.
Garyplyk bir dertdir – adam öldürmez,
Öldürmese, dirilikde güldürmez,
It hem arryklygyn gurda bildirmez,
Elbetde, duşmana syýasat ýagşy.
Magtymguly, şükür, şirin til berdi,
Şejerler gögerip, semer gül berdi,
Görogly Reýhana niçik ýalbardy,
„Amandyr“ diýene diýanat ýagşy.
*
1 Bu goşgy käbir golýazmada Magrupynyň ady bilen hem gelýär.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.