Dehistanyň Baýrynda – Magtymguly Pyragy

Dehistanyň baýrynda
Bady-sabyny görsem
Bahaweddin Mirkulal
Zeňňi Babany görsem
Nagleýn arşa täçdir
Ady äleme paçdyr
Iki jahan mätäçdir
Arap zybany görsem
Gelen geçerçaşt edip
Eglenmez guzeşt edip
Köňül aýdar keşt edip
Älem jahany görsem
Hyzyr kimin çöllerde
Ylýas kimin köllerde
Kowus kimin daglarda
Ýagşy ýamany görsem
ÝokardaHindistany
Arkada Turkistany
Öwliýäler ummany
Ol Rumystany görsem
Jan däli, jahan şeýda
Mundan hiç ýokdyr peýda
Ýedi dag, ýedi derýa
Dali dünýäni görsem
Magtymguly hoş bolsa
Aksa diidäm, ýaş bolsa
Imanym ýoldaş bolsa
Barsam, Käbäni görsem
Bir jumga gijesi gördüm düyşümde,
Bal urup,göklere uçdum,yaranlar.
Perwaz eyläp,seyran etdim,dünyäni,
Bir abadan jaya duşdum,yaranlar.
Kehkeşana çykyp dürli semerler,
Müň dürli miweler,horram şäherler,
Narynjy,turunjy,leymun,almalar,
Bir abadan baga duşdum,yaranlar.
Açylmyşdyr anda reňbe-reň güller,
Şuryş-u efganda şeyda bilbiller,
Mermerden howuzly,köwser dek suwlar,
Tahayyir eyleyip,çaşdym,yaranlar.
Ol gara baglykda gördüm bir çemen,
Ajayyp mejlisin gördüm enjumen.
Döwre girip,gördüm,oturmuş çilten,
Salam berip,golun guçdum,yaranlar.
Hemme awaz eyläp,‘‘Aleyk!‘‘ aydylar,
Yşarat eyleyip:‘‘Ötgül‘‘diydiler.
Döwre gurap,jama şerap guydular,
Maňa etgeç,golum açdym,yaranlar.
Bilmedim,köpmi ya maňa az berdi,
Özge äalem,başga bir awaz berdi,
Yşk aldy köňlümi,tile söz berdi,
Ayakdan-ayaga duşdum,yaranlar.
Magtymguly,huşyar oldum,oyandym,
Oyandym,örtendim,tutaşdym,ayandym,
Magny bazarynda hayata döndüm,
Şirin gazal donun biçdim,yaranlar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.