Dasyny Saylar – Magrupy

Dasyny saylar
Küffar ähli bilmez otga köýerin,
Özleri ürç edip, läsini saýlar;
Resul kaýsy, Aly kaýsy näbilsin,
Butparaz «tanrym» diýp, dasyny saýlar.
Ýagsy ogul — bilsen könül çagydyr,
Ýoksuzlykdan iki golum baglydyr,
Ýaman hatyn ýygan malyn dagydyr.
Ýagsy hatyn öýün gosuny saýlar.
Könlünin bir zerre bolmaz ynsaby,
Dasdan owsun urar, nebsin bir apy,
Görün, su eýýamda bir niçe sopy
Ilden almak üçin pesini saýlar.
Akly ýetmez ýagsy bilen ýamana,
Keramatyn eýlär halka beýana,
Nebs ugrunda heläk bolan diwana
Jinde, kulah geýip, dasyny saýlar.
Hijranyn golundan örtenip, köýüp,
Meshur olup, ile dessanyn ýaýyp,
«Bu sözümnin ýokdur hylafy» diýip,
Magrupy sahyrlyk isini saýlar.

Hits: 4

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.