Daşda Bellidir1 – Magtymguly Pyragy

DAŞDA BELLIDIR1
Ýagşynyň gadryn il bilmez,
Ýagşylar daşda bellidir;
Möwläm nazar salsa kime –
Bolajak başda bellidir.
Öýde ýatyp etme günä,
Gol-aýagyň bolar güwä,
İle pynhan, haka ägä,
Asl adam işde bellidir.
Bu dünýäde maldyr görkün,
Her bir ýere ýeter erkiň,
Öýünde lap urar her kim,
Batyr söweşde bellidir.
Hynany aksaň, reň bolar,
Gyzyly sekseň, seň bolar,
Hemme bedewler deň bolar,
Bedew çapyşda bellidir.
Hoja, seýit selasetli,
Pakyrlara delalatly,
Hoş tebessum-mylakatly –
Her kim deň duşda bellidir.
Magtymguly, şowkuň güni,
Ýagşydyr yslamyň dini,
Ýene ha gözeliň syny,
Göz bilen gaşda bellidir.
*
Bu şygyr Magrupynyň adyna hem berilýär.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.