Daň Atmazdan Burun1 – Magtymguly Pyragy

DAŇ ATMAZDAN BURUN1
Adam ogly, ýatma gapyl,
Tur-ha dañ atmazdan burun!
Ýigitlikde tagat kylgyl,
Garrylyk etmezden burun.
Garrylyk tagat kyldyrmaz,
İşiñ ebesdir bildirmez,
Pelek agladar, güldürmez,
Sür döwran ötmezden burun!
Bendäge eýleme kasdy,
Agyrtmagyl ýary-dosty,
Bir gün gelip,ajal desti,
Ýakañdan tutmazdan burun!
Gardaşlaryñ ýyglap galar,
Ýeñ, ýakasyz dona salar,
Bir dün amanadyñ alar,
Sen toba etmezden burun!
Bu dünýäge gelen geçer,
Halaýyk ol meýden içer,
Bir aždarha agzyny açar,
Wehm eýle ýuwutmazdan burun!
Meşgul sen dünýä oýnuna,
Girer sen ýeriñ goýnuna,
Ajal bendäniñ boýnuna,
Gaýdawer münmezden burun!
Ajal barçany edalar,
Galmazlar şah-u gedalar,
Haramdan gaç, kethudalar,
Rusyýa bolmazdan burun!
Sakla gybatdan tiliññi,
Baglatma iki goluññy,
Açylan täze gülüññi
Alla soldurmasdan burun!
Bendäge etme hyýanat,
Barça gul tañryga raýat2,
Bu sözde bar hadys aýat,
Pähim eýle ölmesden burun!
Tur säher, tañryga ýygla,
“Hak” diýip ýüregiñ dagla,
Toba gorun mäkäm bagla,
Kyrkyña bermesden burun!
Magtymguly, dogry söýle,
Ömrüñ gelip, geçer beýle,
Zynhar, ýaşulyny syla,
Baş göre gimesden burun!
*
1Bu şygyr golýazmalarda bir goşgy hökmünde gelýär. Ýöne, aslynda, iki goşgy bolmagy mümkin.
2 “Çybyn jan tañra amanat” diýen nusga hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.