Däli Köňlüm, Muhubbetsiz Kişiden – Magtymguly Pyragy

Däli köňlüm, muhubbetsiz kişiden
Daş eỳleỳip, ỳyrak eỳle özünni!
Söỳeni söỳ, sen söỳene bol rafyk,
Söỳmedikden ỳyrak eỳle özüňni!
Gedi namart: gitse, hyzmat bitirmez,
Gadyr bilmän, mert bahasyn ỳetirmez,
Bir syryňny aỳtsan, içde ỳatyrmaz,
Syrdaş olma, ỳyrak eỳle özüňni!
Kaşak kişi zere rugsat has olmaz,
Hakdan howpy ỳokdyr, anda ras olmaz,
Boỳnuň burup, arzyn aỳtsaň dos olmaz,
Syrhoş olma, ỳyrak eỳle özüňni!
Magtymguly diyir, doga et derde,
Janym gurban olsun tanygan merde,
Agzy gülüp, kalby bulan namarda
Gardaş olma, ỳyrak eỳle özüňni!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.