Daglar Ỳerin Myhydyr, – Magtymguly Pyragy

Daglar ỳerin myhydyr,
Depe özin dag saỳar.
Çekik özün bilbil diỳr,
Çarlak özün zag saỳar.
Kemlik eỳle-kemal bar,
Menlik etme-zowal bar,
Her başda bir haỳyr bar,
Gül özüni ig saỳar.
Güỳjünden, kuwwatyndan,
Dünỳäniň nobatyndan
Bir kişi yzzatyndan
Bedasyl özün ỳag saỳar.
Nadanam, zat bilmenem,
Bir kemine gül menem,
Sirke aỳdar:“Bal menem„
Nebit özün ỳag saỳar.
Habar alsaň birewden,
Özün kem saỳmaz döwden,
Öz ỳanynda bedewden
Eşek özün ỳeg saỳar.
Dert çekenler dert biler,
Namar özün mert biler,
Tilki özün gurt biler,
Garsak özün seg saỳar.
Magtymguly bir guldur,
Gullygyna kaỳyldyr,
Akmak özün akyl diỳr,
Tentek özün sag saỳar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.