
Beki Seýtäkowa – Kerim Gurbannepesow
Roman yzyndan täze roman, Hekaýa yzyndan täze hekaýa… Iller iki ýylda bir powest ýazsa, Sen her haýsyn ýetireňok iki aýa. Şonda-da eliňden …
Roman yzyndan täze roman, Hekaýa yzyndan täze hekaýa… Iller iki ýylda bir powest ýazsa, Sen her haýsyn ýetireňok iki aýa. Şonda-da eliňden …
Aýlawda otyrdym. Çat maňlaýymda Otyrdy çalsakgal, paýhasly garry. Atlar goýberildi. Dor bilen gyr at. Ne doruň ugry bar, Ne gyryň ugry. Hersiniň …
Gyzlaryň gowusy gyşyk çatmadan çykar. Nakyl Çatmadan çykanda gyzlaryň gowsy, Gupbadan eşdiler sazlaryň gowsy. Bir gupba ýüz öýe ýaýradar buşluk. Gyşyk çatmalarda …
Bir mahal bir ýigit söýdi bir gyzy. Her haýsy bir enäň ýeke-ýalňyzy. Ýa-da Nejep oglan söýdi Nigäri. Her haýsy bir ataň ýeke-dikrary. …
Islän menziliňe ýetmegiň üçin Näçe ajap ýollar bolsa dünýäde, Şonça-da azaşman gitmegiň üçin Öwrenip geçmeli ýoda kän, ýoda. Menzilleri uçup geçmegiň üçin …
Dünýe döräp, heniz şeýle ajaýyp döwür bolan däldir. Emma käbir naýynsaplar özleriniň ähli aýyplaryny döwrüň ustüne atýarlar. (Ýaşulular Sowetiniň maslahatynda bir gojanyň …
Bilemok, bilemok, Nämüçin durun… Bileňok, bileňok, Nämüçin dursuň… Ýa yza gideli ýa-da ileri – Gyrmyldasak bolýar. Durmaklyk gursun!
Kärdeşler, az ýazýas peýzaž goşgusyn. Megerem köpüräk ýazylsa ýagşy. Men birin ýazmakçy. Edil işikde Aýdym aýdyp otyr bir garry bagşy. Çynar atly …
Ol ussa bir ajap minara gurdy Bulutlaň göwsünden emip dur başy. Göýä «sünnälenen sarymtyl çyrpy – Keşdeden doňup dur Töwerek-daşy. Gün şöhlesi …
«Men, men» diýmek üçin ýekeje gezek Dodagy dodakdan göterip bilsek – Dünýäni «men» bilen doldurmak mümkin. «Men, men» diýmek aňsat. «Sen, sen» …
Göterildi şu gün göwnümiň yşgy. «Gel, ýazaýyn – diýdim – Gamsyzja goşgy…» Kömelek agtaryp bir topar çaga, Dyrmaşýar ýokaryk, Inýär aşaga… Ýanýar …
Iň uly Söýgini görkezdi ykbal. Men mundan ýokarda görmändim Söýgi: Bar gaýgym guçmakdy Başky söýgüde. Bu söýgüde weli – Guçmazlyk gaýgy. Iň …
Her Döwür Bir döwür bolar ekeni. Görmän geçiräýsem bir ajap filmi, Nije günläp etmişime ökünip, Gynanyp ýörenim düýn-öňňün dälmi? Her döwür Bir …
Ynha bir mele, gelin, gözleri çanak ýaly, Gabagy gaýmak ýaly, syraty baýdak ýaly. Gün ýerinde durmaýar, Aý ýerinde durmaýar. Aý geçýär, ýyllar …
Howlymyň içinde bir bölek ýere Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary. Birisi gyrmyzy, birisi gara, Birisi mämişi, birisi sary. Şu gün gapymyzdan geldi …
Ýalaňaç dogduň adamzat Indi saňa don gerek Magtymguly Aglap dünýä inýäň adam diýen zat: Onsoň agyň gülkä garyşan gerek. Ýöne weli gülkä …
Ýaraýarsyň haýyra-da, şere-de: Seni öwrüp bolýar switere-de. Seni öwrup bolýar Akja jempere, Gökje jempere, Geýdirmeklik üçin hol barýan gyza, Ýanyndaky kempire.. Seni …
Näme arzuwym bar Aýal-gyzlara – Aýna gelinlere, Aýna gyzlara? Aýna gözellere ilki arzuwym Iki sany ganat: Zähmet hem Edep. (Şol iki ganaty …
Bu dünýäden ýagşy adam ötende – Gyýylýaryn bir ýyldyzyň ýitenne. Ýitýär ýaş ýyldyzlar, garry ýyldyzlar. Iň gerek ýyldyzlar, Saýry ýyldyzlar. Tirkeşip, tirkeşip, …
Eý sen goşgymyzyň köne formasy, Gel bärik ýene bir synaga tarap. …Maňa çal beripdi çölüň Hurmasy, Ellerim uzapdy çanaga tarap. Gum gyzynyň …
…Bu neneň, bu niçik söýgi bolýarmyş. Onuň eýesi bar, seniň hem eýäň. Ezizi garaşýar onuň öýünde. Saňa-da garaşýar bir eziz aýal. Ýeri, …
…Şol diýip Ýüz ýigit düşüpdi yşka, Gyz bolsa birine beripdi göwün. Toýda Tutuş oba gülüpdi… Ýöne Togsan dokuz ýigit Aglapdam şo gün… …
Synyp-synyp dürli reňkli baýdaklar, Yzda galdy pajygaly uzaklar… Ýöne weli şonda-da Puşkine degen oklar Heniz-henizem gelip, Ýüregime degip dur. Geçip-geçip ötlem -ötlem …
Barýansyň, Moskwaň bir köçesinden. Öňüňden çykandyr ak sakgal goja. – Atam, Wahtangowa nädip gitmeli – Oglum, bu tarapda Wahtangow küje! Gös-göni yzyda …
(Juma Ýazmyradowyň toý saçagyna kiçijik çelpek.) Haýsysynyň adyny ilki bilen tutsamkam – Aksoltan bilen Myrat, Myrat bilen Aksoltan. Biri – dostumyň ogly, …
Dünýäde köp boldugyça uly şahyr kişiler, Dünýäň bagty beýgeler, dert-azary kiçeler, Şeýledigin bilýändirler ähli menden ulular, Bilsin menden kiçiler. Şahyryň şahyrlygy näme …
Sataşypdym Saňa maý güni irden – Sen aňyrdan çykdyň, Men bardym bärden… Ondan bäri geçdi ýüz toý, ýüz ölüm, Toýda-da, ýasda-da bolduň …
Bu goşgymda sazlaşyk ýok Şu günki ahwal ýaly… Howanyň ýüzi duşnüksiz Jogapsyz sowal ýaly. Jahan ýympyk, yşnaksyz Jygyllykda satylýan çal ýaly. Ne-hä …
Köne soldatyň öýünde. Ömrümde bir gezek ýalan sözledim, Bagyşla, köşegim, bagyşla meni. Nädip aldamaýyn, saňa dözmedim. Durmuşda hemme zat bolýan ekeni. …Onda …
Dostuňa dostdugyň tanaýyn diýseň, Dostuňy hem alyp, daga gel, daga. Sen daga çykaňda ol tyrpyp gaýtsa Senem yzy bilen togalanmaga Ýekeje dem …
Ýarym asyr bäri Watan öňünde Zähmet çekýäň gije-gündiz, Tokmagym Ýöne weli naçe zähmet çekseň-de, Öňümizde iş kän heniz, Tokmagym. Dogry ýoldan egrä …
Seniň gözleriňden ganyp bilemok. Megerem, bu dertden eräp giderin. Gijeler gözüme uky gelenok, Gözýaşym gutaryp gurap giderin. Öwlýa Sen. Daşyňda pyrlanyp ýörün. …
Köçäň ugrunda poçta ýaşşigi. Bir köçäň ini menden daşlygy. Göýä diwara gonan gögerçin, Eýeläp otyr bir köçäň burçun. Öňümde stol, elimde galam …
Reňbe-reň öwüsýär Aşgabat baýry. Ýüpekdi bägüli, mahmaldy çaýry. Ortasynda fontan. Çepinde howdan. Öňümde derweze. Al-ýaşyl meýdan. Derwezäň ýüzünde (harplary saýry) Gülden örülipdir. …
Ýene-de Gün dogdy. Paýlandy poçta. Gyzdan hat gelipdir… kyrk sekiz ýaşda. Ýazmak gadagan däl. Gelibersin hat. (Başga näm işiň bar, Jogap ber-de …
– Başdaşym Aýjemalym Şeýle bir owadandy. «Sen owadan däl!» diýip, Alyp gitdi goşuny. Ikinjim Akjemalym Çalasowat, nadandy, Çatyp bilmän geçirdi Iki sözüň …
Stareýem Paruýr Sewak Stareýem dorogoý. Paruýr Sewak Garrap barýas, şahyr aga, Garrap barýas görnetin. Ýogsa Sen Paruýr Sewaga Öýkünmezdiň ahbetin. Gyt däl …
«Setirsiz bir günüm geçmesin!» diýip, Setir hatyryna setir düzmedim. Setirlermi begenjimden gözledim, Setirlermi gynanjymdan gözledim. Gözledim olary il şatlygyndan, Gözledim olary il …
Illeriň gözünden üýtgeşik däldir Şahyryň gözi. Edil seňki ýaly Ak, Gara köldür Şahyryň gözi. Emma şol Gara, Ak sereden çagy, Has ýagşy …
Işçiniň alypsatar goňşusyna açyk haty Diýdiň sen: «Işçiler nädip oňýarka Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..» Emma weli işçiň günlük baýlygyn Deňäp bilmen ýyllyk …
Gyrgyz şahyry Guwançbek Mälikowa Aladagyň başy bolsa-da ala, Gyrgyz ýüreginde görmedim ala. Gyrgyz ýüreginiň päkizeligi Ak gardan-da päkdir ýüzlerçe ýola. Ýa-da ak …
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa, Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git. Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa, Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git. …
1 Ýagyşyň ýagmagy başarşy ýaly, Aý, Günüň dogmagy başarşy ýaly, Derýalaň akmagy başarşy ýaly, Ýyldyrymyň çakmagy başarşy ýaly, Biziň hem (bolsak-da haýsy …
Gara ýeriň üstünde, Gök asmanyň astynda, «Heleý» diýilýän sözi Kim tapdyka aslynda? Ol sözi ilki tapan Ne-hä daýhan, ne çopan. Diýýärler: ilki …
Sözlerim çaklamak däl, Mysalda göz ýetirmek: Bir durşuňa durdugyň – Bir durşuň saklamak däl, Şol durşuňam ýitirmek.
Duşuşyp günleriň täzesi bilen, Hoşlaşyp günleriň könesi bilen, Şujagaz ömrümde, gysga ömrümde Ajy, süýji günleň känisi bilen Hoşlaşdym. Hoşlaşdym baş Söýgi bilen …
Diýýärler: Poeziýa – güldürmek üçin däl, Diýýärler: Poeziýa: – aglatmak üçin däl. Şu diýilýän çynmyka? Aglatmak üçin däl bolsa, Güldürmek üçin däl …
Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler. Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler. Şeýdip endik etdik aglamazlyga. Şeýdip endik etdik aldamazlyga. Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp». Diýdiler: «Köçede …
Dünýäniň ýüzünde atsyz adam ýok. Atsyz zadam ýok. Durda Durdy diýýäs, Sergeýe Sergeý, Tagta tagta diýýäs, taýaga taýak. Serçä diýýäs, torgaýa torgaý, …
Garyň tagamyna hemmämiz belet, Iň şirin, in tämiz, iň sowuk suw ol. Bedreläp-bedreläp ak gar eredip, Gyzlar oňa ýüpek saçlaryn ýuwar. Garyň …
Gagauz şahyrynyň äheňinde Meniň bir gelnim bar. Şeýle bir gelin – Beýle ajap gelin dünýäde ýokdur, Şeýle bir naharlar bişirýär welin, Kekre-de …
Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär, Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam – Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen, Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan, «Ýa» harpyna çenli …
«Meniň, nä işimmiş bu zatlar!» diýýäs. Ol ýalňyşýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!» Ol ýaňraýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!» Ol aldaýar. Diýýäs: «Meni …
Murgabyň kenarynda murgaply daýhan bilen Bir tüňçe gök çaý içdik bir kesemen nan bilen. Tüsse siňen gök çaýyň aýry bolýar lezzeti. Ol …
Şojagaz pulumy tapyp ber, goňşy, Gapyda odun ýok, saçakda çörek. Hanha, çagalary özüň gör, goňşy, Hersiniň agzyna bir lukma gerek. – Wah, …
Ýazdym Seniň akylyňy apalap Şu stoluň başynda. Gök çaý bilen köp iýipdiň şokolad, Şu stoluň başynda. Synlap bugdaý ýaly agraslygyňy Ýüz stoluň …
Başarsa – Her adam açyş etmeli, Aýdaly – Nýutonyň açyşy ýaly. Ýöne weli şeýle açyşa çenlem Seniň her ädimiň açyşdan doly. Emersiň. …
Mylly aga bagyşlaýaryn. «Aýal bagşy» poemasynyň temasyna wariasiýa. Ölüm ýassygynda ýatyrdy ene. Gapyň agzynda-da otyrdy Ajal. Ene balasyna ýüzlendi ýene: «Getir Dutaryňy, …
Ulusyny sylamak kiçiniň däbi, köşek. Ölüsini sylamak – diriniň däbi, köşek. Ölüsini hormatlap bilmeýän dirileriň Ölendenem has ozal Öldügi dälmi, köşek?
Ýaz geldi. Üýtgeşdi säheriň mähri. Ýylady gödeňsi, sowuklaç şapak. Ýere mähir girdi. Mähriň demini Agaçlaň köküne içirdi toprak. Göýä topar-topar göwreli gelin …