Berdinazar Hudaynazarow

Garagumuň Luw Ýyly (1928) Berdinazar Hudaynazarow

Garagumuň Luw Ýyly (1928) Berdinazar Hudaynazarow

Ak çägäniň üstünde Asman sepýär nuruny… Ýazyň ortaky aýy, Garagumuň Luw ýyly. Ýerden çaňap göterilen Ak ýagyşyň buguny Synlap, çarwalar diýýär: —Hoş gelipsiň, Luw ýyly! Boz jerenli, börüli, Ak takyrly, alaly Giň sähra suwa düşýär Garagumuň Luw ýyly. Şeýdip beýik Çölüstan Görke gelen mahaly, Gö... »

aýnamaly Döwrüň Ýaýnap Bilmediň Berdinazar Hudaynazarow

aýnamaly Döwrüň Ýaýnap Bilmediň Berdinazar Hudaynazarow

Ýaýnamaly döwrüň ýaýnap bilmediň, Ykbalyň bermedi oňa ygtyýar. Gyssan, Berdinazar, gyssan birneme — Entek geçilmeli menzilleriň bar. Göz açalyň bäri hysyrdap ýörşüň, Ömrüňde birje gün gezmändiň bikär. Şonda-da birneme gyssan, eý gardaş — Sähraňa etmeli seýilleriň bar. Owadan dünýäni aşygy bolduň, Ýa... »

Aýdym Berdinazar Hudaynazarow

Aýdym Berdinazar Hudaynazarow

Men Dünýäni unutdym, Saňa gözüm düşende. Ýok, ýok — Dünýäni tutdum, Saňa gözüm düşende. Sen bir çaga — neresse, Kuwwat berdiň müň esse. Gül ýagdy desse-desse, Saňa gözüm düşende. Ýedi ýyllap garaşdym, Ýedi ýyllap göreşdim. Gördüm-de göge uçdum, Saňa gözüm düşende. Hümmet artdy dulumda, Gurbat artdy ... »

Işleriň Gidişi Hakda Maglumat Berdinazar Hudaynazarow

Işleriň Gidişi Hakda Maglumat Berdinazar Hudaynazarow

Suwa aýak sokdum— Ýüzäýmek galdy. Ýaryşdaşym belli— Ozaýmak galdy. Bergi edip bildik— Üzäýmek galdy. Guýyň ýeri belli— Gazaýmak galdy. Buýruk bar. Diňe bir Çozaýmak galdy. Meselämiz taýyn— Çözäýmek galdy. Ýazyjy-ha bolduk— Ýazaýmak galdy. Hits: 49 »

Bu Peşgeş Berilen Çäklije Ömri Berdinazar Hudaynazarow

Bu Peşgeş Berilen Çäklije Ömri Berdinazar Hudaynazarow

Bu peşgeş berilen çäklije ömri, Guwanyp geçiriň, söýüp geçiriň. Kitüwden-kineden belentde boluň, Paýhas-pähime uýup geçiriň. Özüňi tanamak bolsa näçe kyn, Il-gün tanar — oňa ýakyn dur, ýakyn. Ýaşamaň jahanda ogrygyn-bukyn, Dünýäň gözelligin duýup geçiriň. Säherde yhlas bilen saýranda guşlar, Hiç kim... »

Söýgi Mukamy Berdinazar Hudaynazarow

Söýgi Mukamy Berdinazar Hudaynazarow

Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym, Gözleriniň ody ýürekde galdy. Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy, Garaýşy bu goşa garakda galdy. Müň gyzyň içinden gözüňe iler, Onki süňňüm bilen söýüpdim näler. Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar. Içen antym duzda-çörekde galdy. Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan, Näme diý... »

Gergez Obasy Berdinazar Hudaynazarow

Gergez Obasy Berdinazar Hudaynazarow

Gün Soňudagynyň gerşini sypap, Aňyrlygyna bakan sallandy gitdi. Garaňky gatlyşyp barýan çagynda, Ak maşyn gadymy Gerkeze ýetdi. Jülgäniň düýbünde otyr bu oba. Ýyldyz boýly daglar — daşynda haýat, Men Gerkezi görmän şu ýaşa çenli, Öz-özüme edipdirin hyýanat. Ýürege meňzeýär Gergez obasy. Daşyndaky da... »

Aşyklara Berdinazar Hudaynazarow

Aşyklara Berdinazar Hudaynazarow

Ýok, meňzäň diýemok Zöhre-Tahyra, Olaň güni başyňyza düşmesin! Ýöne welin, eý, erkana aşyklar, Siz arassa saklaň söýgiň çeşmesin. Men akyl bermekçi bolamok size, Men akyl bererden entek juda ýaş. Ýöne ýatlaýaryn: Mukaddes zatdyr, Säher çygy bilen zakgun dek gözýaş. Şasenem-Garyba meňzäň diýemok, Ola... »

Beýik Şahyrlar Berdinazar Hudaynazarow

Beýik Şahyrlar Berdinazar Hudaynazarow

Şahyra-da berlen ýekeje ýürek. Gudrat ol ýüregiň ýanýanlygynda. Ýakýanlygynda. Gursagyna sorup halkyň namysyn Onuň bu apaty çekýänliginde. Magtymgulyň sözi bilen aýdaňda, Ony başarmaga kişi gerekdir. Beýle garamaty boýnuna alýan Beýikler kän däldir, olar seýrekdir. Ýyldyzlar emirden eýmenmeýärler, E... »

Güýz Berdinazar Hudaynazarow

Güýz Berdinazar Hudaynazarow

Gum-gukluk bar, başga zat ýok, Ak derekleň arasynda Janly zatdan men ýeke-täk, Ak derekleň arasynda. Synlap durup, ylla, däli Ýaprak basan inçe ýoly, Gezmeleýär güýz şemaly, Ak derekleň arasynda. Dymýar ýoda… dymýar howa… Ne guşlar bar, ne-de owaz. Humar göwnüm urýar perwaz, Ak derekleň ... »

uň Ýürekden Çykan Salawmaleýkim Berdinazar Hudaynazarow

uň Ýürekden Çykan Salawmaleýkim Berdinazar Hudaynazarow

Çuň ýürekden çykýan Salawmaleýkim Nirde sen Waleýkim salamyň bilen? Howlukman soralyp saglyk-amanlyk, Yzyndan aýdylýan kelamyň bilen? Salamlaşan çagy ýylnardy üşän, O mähirden indi galdymy nyşan? Beýle-de bir salam bolar oguşýan — Bir menzilden goluň bulanyň bilen. Men-ä salam berdim adam şekilli, O... »

Sähra Bahar Gelende Berdinazar Hudaynazarow

Sähra Bahar Gelende Berdinazar Hudaynazarow

Görüpmidiň, çöle bahar gelşini, Görüpmidiň, şonda sähraň bolşuny? Görüpmidiň, gök ummanyň içinde Çöl gözeli — jerenleriň böküşün? Gumlularyň öýlänçisi gelende Depä çykyp gyzlaň läle kakyşyn? Görüpmidiň, gök gürlände zeminden Gök ýylaklaň parsa-parsa çykyşyn? Gumlulary gutlap gelen ýaz bilen Yzyn üzm... »

Goşa Çynar Oturtdylar Gapymda Berdinazar Hudaynazarow

Goşa Çynar Oturtdylar Gapymda Berdinazar Hudaynazarow

Goşa çynar oturtdylar gapymda, Kök ursun-da, kemal tapsyn, ylaýym, Ykbal diňe adamlarda bolanok: Goşa çynar, çöwsün hernä ykbalyň! Dürtülen topragyň juda halaldyr, Arassadyr seni oturdan eller. Käte depäňizde arlar bulutlar, Mahal-mahal dalar yzgytsyz ýeller. Depeden türkmeniň ak güni çoýar, Aşakdan... »

Tebigaty Boýun Egdirjek Bolduk Berdinazar Hudaynazarow

Tebigaty Boýun Egdirjek Bolduk Berdinazar Hudaynazarow

Tebigaty boýun egdirjek bolduk, Oňa boýun egmelikäk özümiz. Indem gyşymyz kän gyşa meňzänok, Kän bir ýaza meňzemeýär ýazymyz. Men ony gabanýan, gabanylşy dek, Bir buýsançly, bir owadan aýalyň. Oňa kän göz baksa — howpurgaýaryn, Käne el degirberse halamaýaryn. Hits: 14 »

Bize Bakýana Berlen Sowgat Däl Berdinazar Hudaynazarow

Bize Bakýana Berlen Sowgat Däl Berdinazar Hudaynazarow

Bize bakýana berlen sowgat däl, Güneşli gündizler, aýly gijeler. Gädip, iýip oturmaly nygmat däl, Güneşli gündizler, aýly gijeler. Bir görsek göwnüňi göterýär göge, Birden bar keýpimi çykarýar ýoga. Aşyk däl yşkynda oýnap ýörmäge, Güneşli gündizler, aýly gijeler. Owadan meňzine nikabyn örtüp, Ömrüň ... »

Hüwdi Bilen Ant Berdinazar Hudaynazarow

Hüwdi Bilen Ant Berdinazar Hudaynazarow

Arzan zadyň arzasy ýok diýýärler. Gözel zat döränok elujy bilen. Eneleň hüwdüsi, atalaň anty Çykypdyr ýüregiň hyrujy bilen. Perzendiň üstüne gerip döşüni, Sypap onuň gulpagyny, gaşyny. Gözünden akdyryp guwanç ýaşyny, Eneler düwdini döredipdirler. Duşman äkidende doganyn güýlüp, Ýaraty arslan dek düý... »

Bu Topragyň Ogly Bolup Ýaşamak Berdinazar Hudaynazarow

Bu Topragyň Ogly Bolup Ýaşamak Berdinazar Hudaynazarow

Bu topragyň ogly bolup ýaşamak Ýeňil iş-ä däldir, söwer ogullar. Siziň babaňyz-a Magtymguludyr, Bilýänsiňiz, aňryňyzam oguzlar. Müň gowgany geçirendir başyndan Bu topragyň dereleri, kölleri. Göroglylar, Keýmir körler bolupdyr, Bu topragyň beýik penakärleri. Bilýänsiňiz, bu topraga siňipdir Zakgun ýa... »

Türkmenistanym Watan Hakynda Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

Türkmenistanym Watan Hakynda Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

Sahawatyň salamyňdan duýulýar, Salamda ýüregiň gyzgyny bardyr. Synaga salynýar äden ädimiň— Oturyp-turmaňam düzgüni bardyr. Gep-sözüňem ölçegi bar bu ýerde, Az geple, kän diňle — şygaryň seniň. Güler ýüzüň çytylmasyn gelene, Eliňden gitmesin ygraryň seniň. Gursagyň sabyrly, kalbyň şahandaz, Ýeriň be... »

Gün Berdinazar Hudaynazarow

Gün Berdinazar Hudaynazarow

Dünýä döräli bäri Ýagtyldyp dur dünýäni, Ýyladyp dur dünýäni. Dünýä bereket sepip, Gülledip dur dünýäni. Men Gündürin diýenok. Güjeňlänok özüni. Sylap talap edenok, Çekdirenok näzini. Adam öýkünip bilse, Öýkünere nusga bar. Diňlemäge dana bar, Öwrenere ussa bar. Hits: 23 »

Ah, Dünýe Men Seni Nädip Söýmäýin Berdinazar Hudaynazarow

Ah, Dünýe Men Seni Nädip Söýmäýin Berdinazar Hudaynazarow

Ah, dünýe! Men seni nädip söýmäýin: Mähriňden ganmak ýok, Yşkyňdan doýmak. Ak gyşyň — pähimdar, Baharyň — şahyr, Aý-aýdyň gijäň — süýt, Säheriň — gaýmak. Ah, dünýe! Men seni niçik söýmäýin: Gözümde nur gögelekäm görenim: Näçe gezek kesesinden syn etdim, Kak suwuna inen süri jereniň! Ah, dünýe! Men s... »

Baharyň Bir Gijesi Berdinazar Hudaynazarow

Baharyň Bir Gijesi Berdinazar Hudaynazarow

Agşamara bulut gelip asmana, Tas agşam seýlimiz çykypdy puja. Diýdim, Lapyň keç bolmasyn, sabyr et, Ak ýyldyzlar parlap çykar bu gije. Pisint etmän, Gerip agras gabagy, Duýman ýolduň üljeden bir çybygy, Bulda gargap, diýdim: Indi Bibi gyz Igenjiräp, içim ýakar bu gije. Birden şemal ösdi, bulut düýrü... »

Maýsaly Meýdan Oda Berdinazar Hudaynazarow

Maýsaly Meýdan Oda Berdinazar Hudaynazarow

Buldaraşýar begres geýen meýdanda Ter säheriň dakan gulakhalkasy. Bu ýerde yhlasyn siňdiren daýhan, Eliň dert görmesin, ömrüň ýalkasyn! Owadan jahanda gözüm açalym, Gören nagyşlarmyň iň bir nepesi. Tyllaýy göwsünden urýar burnuma Ak süýt bilen mele çöregiň ysy. Zülpleriňi darap geçýän şemalda Görjek... »

Dünýä Juda Mätäç Merde Berdinazar Hudaynazarow

Dünýä Juda Mätäç Merde Berdinazar Hudaynazarow

Dünýe juda mätäç merde, Derman bolup ýara derde. Alkyş, sogap ýatmaz ýerde, Kasas galmaz kyýamata. Guly bolma men-menligiň, Ýokdur diýme, bardyr kemiň. Dag ýarýanam bolsa demiň Mätäçsiň sen hemaýata. Gadryn bilgin ataň barka, Gizlemegin hataň barka. Sakla ony sarpaň barka, Gulak salma mahabata. Aç g... »

Ullakan Şäherde Janyn Ynanýan Berdinazar Hudaynazarow

Ullakan Şäherde Janyn Ynanýan Berdinazar Hudaynazarow

Ullakan şäherde janyn ynanýan Bir dostum bar, Aman bolsun, sag bolsun. Ullakan şäherde meni ýigrenýän Bir adam bar. Aman bolsun, sag bolsun. Bu şäherde meni ýakyny saýyp Ýören del adam bar, Başy dik bolsun. Bu şäherde meni keseki saýyp Ýören ýakynym bar, Başy dik bolsun. Bu şäherde meni söýüp ýören ... »

Ene Dilim Berdinazar Hudaynazarow

Ene Dilim Berdinazar Hudaynazarow

Hallaryň neneňsi, Taplaryň niçik Eziz ene dilim, mähriban dilim? Gel, söhbet edeli açykdan-açyk, Eziz ene dilim, mähriban dilim. Ýüz müň öwüşginden örülen desse Şahyra — şygyr sen, gürrüňçä — kyssa, Ak säheriň nury ýaly arassa — Eziz ene dilim, mähriban dilim. Sen meniň gazabym, sen meniň näzim, Ýür... »

Awtoportret Berdinazar Hudaynazarow

Awtoportret Berdinazar Hudaynazarow

Tebigatym tebigy, Zat ýok emeli. Çölden geçen häsiýetmi? Şoňa çemeli. Geçirdim ýaş başymdan Gara gyşlary. Gönümelden çynlakaý Garaýyşlarym. Ýüpekleç pamyk ýaly, Ýüregim ýumşak. Zannyýamana — zabun, Ejize-gowşak. Öz ýabany buýsanjym — Iň gymmat zadym. Familiýam ikigat, Ikigat — adym. Saklanypdyr durk... »

Bu Ajap Gün Bir Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

Bu Ajap Gün Bir Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

Bu ajap gün bir goşgy Ýazmak oňmak — jenaýat. Ylham, eger bar bolsaň, Hemaýat ber, hemaýat. Ýogsa galar armanym, Bir zat çyrşawer, hanym. Ýazanymdan ýazmanym Gowumy ýa, jemagat? Däl diňe gonararym, Goşgy — namysym — arym. Ýok bolsa hyrydarym, Kyýamat bu, kyýamat. Bilýärin men, biderek Bökmez, sojama... »

mre Minnetdarlyk Berdinazar Hudaynazarow

mre Minnetdarlyk Berdinazar Hudaynazarow

Ýigit çagy Ýigriminji asyryň Bu owadan dünýä gelen badyma, Üstümden sepipsiň baharyň nuryn, Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm! Ýüzlerine sylyp çarwa gelinler, Aýyň nury ýaly bileklerinde Hüwdüläp-hüwdüläp ukladypdyrlar. Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm! Gije ýagyş ýuwan gök ýylaklaryň Tohum edip ... »

Dünýäde Hemme Zat Kämilleşmeli Berdinazar Hudaynazarow

Dünýäde Hemme Zat Kämilleşmeli Berdinazar Hudaynazarow

Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Damja dama-dama köle öwrülip, Yzlar — ýoda, Ýoda — ýola öwrülip, Oglanlar gyz är-aýala öwrülip— Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Owazlar goşulyp öwrülýär saza, Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza, Ömür köne, Emma ykballar täze — Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Sen gyza ... »

agyş Ýagdy, Biz Gizlendik Berdinazar Hudaynazarow

agyş Ýagdy, Biz Gizlendik Berdinazar Hudaynazarow

Ýagyş ýagdy, bizde gizlendik ýagyşdan, Buýra saçly arçalaryň astynda. Aýagymy basyp diýdiň: bagyşla. Buýra saçly arçalaryň arasynda. Gapdalda gaýalar gaşyn çytýardy, Ýelkenler deňizde hallan atýardy. Meniň, nämüçindir, gülkim tutýardy, Buýra saçly arçalaryň arasynda. Ýüzüme garadyň gülkimi geňläp... »

Halaýyklar, Ömrüň Ýoly Berdinazar Hudaynazarow

Halaýyklar, Ömrüň Ýoly Berdinazar Hudaynazarow

Halaýyklar, ömür ýoly Düz däl — büdür-südürlidir. Kişi bardyr — buz ýalydyr. Kişi bardyr — gadyrlydyr. Şähtiň açar saba ýeli, Gönder ondan salamyňy, Bu gök daglar howalaly, Dereleri atyrlydyr. Ýollar aşdym ine-gana, Şükür Alla, geçdim sana. Guraklaram bardyr, ýöne Il hezzetli-hödürlidir. Hatar-hatar... »

Adam Berdinazar Hudaynazarow

Adam Berdinazar Hudaynazarow

Täzeçe bir many aldy köp zatlar, Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy. Bir ömürde meniň gören gudratym: Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy. Adam adama dost diýlen sözlere Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi, Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly, Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy. Dogry, şindem onuň şol öňki ady, Do... »

Bu Ömürde Ep-Eslije Zat Gördük Berdinazar Hudaynazarow

Bu Ömürde Ep-Eslije Zat Gördük Berdinazar Hudaynazarow

Bu ömürde ep-eslije zat gördük, Ýakyndanam mähribanrak ýat gördük, Özi garyp, ýöne göwni şat gördük — Gara ak bolupdyr diýip eşdemok. Kä ondan, kä mundan öwüsýär şemal, Azgyna ahyry tapylýar zowal. Öwüt-ündew bilen — asly bikemal Kemal tapanmyşyn diýip eşdemok. Synlap bu dünýäde töwerek-daşy, Eşitse... »

Orta Ýoluň Aýdymy Berdinazar Hudaynazarow

Orta Ýoluň Aýdymy Berdinazar Hudaynazarow

Otur-da, bir çilim çek: Öýle boldy: çäş galdy. Eden-goýan zadyňy Ýatlamaga huş galdy. Ýetik aladaň-derdiň, Az tapyp, kän ýitirdiň. Ýüzden birin bitirdiň — Togsan dokuz iş galdy. Görsen-e, bu dünýäni — Garramazak keýwany. Alnyň — eliň eýwany, Çagalykdan düýş galdy. Dilgir-ä däl aslynda. Ýöne… m... »

Diňli Obasy. Tarypnama Berdinazar Hudaynazarow

Diňli Obasy. Tarypnama Berdinazar Hudaynazarow

Diňli obasyna sowulman geçmäň Barsaňyz Akýaýlaň sebitlerine. Synyňyzyň oturjagyn bilýärin Gurşunly kenek dek ýigitlerine. Söwüşlemek üçin soýulýar öweç, Guýulary bardyr otuz bäş gulaç. Çyk maýyl günlerde aýakýalaňaç Ak ürgün çägäniň aňňatlaryna. Ýiti ojar ody ojakda parlar, Guşdyrnak gök çaýdan göwü... »

stümde Durnagöz Asmanym Barka Berdinazar Hudaynazarow

stümde Durnagöz Asmanym Barka Berdinazar Hudaynazarow

Üstümde durnagöz asmanym barka, Saçagymda barka mele çöregim, Törümde perzendim — islänim barka, Darykma-da, giň bol ahyr, ýüregim! Bu ajaýyp daňlar, nurana daňlar Ak süýdün sepeläp durka jahana, Guşlar gözýetimde gaýyşyp ýörkä, Bitakatlyk üçin barmy bahana?! Bozagandyr ýowşanlaryň ysyndan Kükäp, se... »

Daşly Obasy Berdinazar Hudaynazarow

Daşly Obasy Berdinazar Hudaynazarow

Men bu golda dünýä geldim, Ine, gardaş, Dünýäm meniň. Men uçmadym — Uçurdylar, Ýokdur hergiz günäm meniň. Ak gerişler ulgam-ulgam, Ak bulutlar tüýdüm-tüýdüm. Hemme zat ak, hemme zat ak, Ylla emen ene süýdüm! Alty ganat öýüň ýeri — Hanha — altyn halkam meniň. Meýmirämde — mele şöhläm, Gobsunamda — ar... »

z Tutýaryn, Takdyr, Saňa Berdinazar Hudaynazarow

z Tutýaryn, Takdyr, Saňa Berdinazar Hudaynazarow

Ýüz tutýaryn, takdyr, saňa: Derde duşsam, eme ýetir. Agzym kepäp tebsiresem, Dodagymy neme ýetir. Altmyş ýaşyň eteginde, Bu darajyk otagymda. Gije uka batanymda, Aman-esen daňa ýetir. Şükürim bar, ýokdur nalam, Perzent berdiň göwnüm halan. Nazar ogluň, Sanjar balaň Ýaşlarny bir çene ýetir. Dünýäniň ... »

Bu Ömrümde Işim Düşdi Köplere Berdinazar Hudaynazarow

Bu Ömrümde Işim Düşdi Köplere Berdinazar Hudaynazarow

Bu ömrümde işim düşdi köplere. Salam saldym, Haýyş bilen ýüzlendim. Adamlara bagly bolmadyk bolsam, Belki, olaň gadyryn hem bilmezdim. Adamlar! Men Sizi alkyşlaýaryn, Men Size badagly — mysal kerep. Şatlygymy paýlaşmaga gerek siz, Hesretim egsere has beter gerek. Salamlaşýas köçelerde sataşyp, El-el... »

Men Bu Gün Ýaplanyp Ýatan Ýerimde Berdinazar Hudaynazarow

Men Bu Gün Ýaplanyp Ýatan Ýerimde Berdinazar Hudaynazarow

Men bu gün ýaplanyp ýatan ýerimde Diňe öz-özümi diňläp oturdym. Kelle diýdi: — Kän zatlary gazandym, Ýürek diýdi: —Kän zatlary ýitirdim. Kellä kakdym: —Ýeri näme gazandyň? Kelle diýdi: —Dünýä akyl ýetirdim. Ýürek diýdi: —Ana, şonuň üçin-de, Aýdýaryn-a men köp zady ýitirdim. Kelle öňem hümläp duran h... »

Erkek Adam Berdinazar Hudaynazarow

Erkek Adam Berdinazar Hudaynazarow

Alçak bahar Garaguma Ýazylanda haly bolup. Aladaňdan gözüm açdym, Erkek adam ýaly bolup. Dogduň-dogduň. Ile äşgär. Biri synlar, biri buşlar. Ýaşamakda welin iş bar, Erkek adam ýaly bolup. Kim özüni diýse dana, Gaçdym ondan başga ýana. Tagzym etdim duza-nana, Erkek adam ýaly bolup. Yssyladym, gaýlap ... »

aşlyk Humary Berdinazar Hudaynazarow

aşlyk Humary Berdinazar Hudaynazarow

Ýaşlyk mydam biziňkidir öýderdik, Ýaşlygyň humary başymyzdaka. Diňe gyzlar hakda gürrüň ederdik, Ýaşlygyň humary başymyzdaka. Duýgulardan öňe salmasaň akly, Näme isleseň — şoňa-da hakly, Gör, nähili ýüreklidik, ýürekli, Ýaşlygyň humary başymyzdaka. Durmuşyň ekdisi, öýüň tarhany, Senmi duýjak gyşyň, ... »

Goşgular Başy Öwüt-Ündew Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

Goşgular Başy Öwüt-Ündew Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

Bir-birine göwni ýetsin, ynsanyň, Öz kemine bir azajyk uýalsyn. Aklyň-a bar welin, ýöne goýalsyn, Şeýleräk türkmeni göresim gelýär. Ýokarrakda bolsun gyşyk geplerden Döşe kakman, goý, öwrensin köplerden. Öz-özüňi arassala galplardan, Şeýleräk türkmeni göresim gelýär. Erkek erkek bolsun, aýalam aýal,... »

uka Ýürek Goşgy Guzy Barda Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

uka Ýürek Goşgy Guzy Barda Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

Bahar aýy begres geýen sährada, Dünýä inip, gözün açdy bir guzy. Gök ýylakly, goňras gumuň üstünde, Çal gandymyň gülleri bar gyrmyzy. Guzynyň gerşine merjen mysaly Sepelendi günüň melewşe nury. Guzy yraň atyp galdy aýaga, Siňdi endamyna öwüşgin bary. Dikgeripjik dört aýagnyň üstünde, Bugaryp dur, ge... »

Aýal Berdinazar Hudaynazarow

Aýal Berdinazar Hudaynazarow

Owadan dünýäniň syry azaldy. Düýnki syrlar bu gün eýýäm aýandyr. Açyşly eýýamda açylman galan Syr bar bolsa meger, ol hem Aýaldyr. Galjak gümany ýok garaňky zadyň Zamanyň baky gündizliginde. Alys Aýy gözýetime göterdik, Aýal bolsa galdy gizlinliginde. Ýyldyzlar syryny saklap bilmedi, Pähimiň-paýhasy... »

Sabyr Berdinazar Hudaynazarow

Sabyr Berdinazar Hudaynazarow

Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen, Öz wagty gelende süýjär almalar. Başagaý durmuşda darykma, kalbym, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Bir ömürde müň alada-gaýgy bar, Adamlaryň garasy bar, agy bar. Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-d... »

Dünýe-Hä Owadan Berdinazar Hudaynazarow

Dünýe-Hä Owadan Berdinazar Hudaynazarow

Dünýe-hä owadan, Durmuş jadyly. Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok. Ýöne bolýan oýunlara syn edip, Özüň öňki özüň bolup galmak ýok. Namart merde sapak berer sakyrdap, Pes-beýiklik hakda gürlär oturar. Paýhas päki dek ýiti danalar Akmakdan utanyp derlär oturar. Düýnem ýaradana jort atyp ýören Bu gün ... »

Ykbala Berdinazar Hudaynazarow

Ykbala Berdinazar Hudaynazarow

Arzuwym o diýen ullakan zat däl: Altyn däl, maşyn däl, ýa uçar däl, Owadan jäjek däl, ýasama at däl, Ilkinji dilegim — kemlikden sakla. Hemmejämiz adam — özümiz deň däl, Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl, Danadan öwrenmek beýlekä geň däl Şeýle bolsun: gyradeňlikden sakla. Çagalygyň hözirinden aýyr... »

Köneleriň Aýdymy Berdinazar Hudaynazarow

Köneleriň Aýdymy Berdinazar Hudaynazarow

Eliň-gözüň dert görmesin, ylaýym, Öýüň abat bolsun, söýäň berk bolsun. Ýylgyryp gez, ýykylmasyn raýyň, Söýdügiň — çyn, ýigrendigiň galp bolsun. Ak süýt emýän ak bäbegim — begenjim, Guly bolma hergiz hazynaň-genjiň. Pähim bilen paýhas bolsun ynanjyň, Bilde kuwwat, goşaryňda gurp bolsun. Çäkli ömrüň h... »

Beýikler Geçip Dur Yzly-Yzyna Berdinazar Hudaynazarow

Beýikler Geçip Dur Yzly-Yzyna Berdinazar Hudaynazarow

Beýikler geçip dur yzly-yzyna, Peslerem geçip dur hatarma-hatar. Senem öz-özüňi aldama, adam, Bu günler baky däl, bu günler öter. Öz boýuňdan uzyn görünjek bolma, Akylly-da bolma özüňden beter. Ersen mahallaryň ýa-da saljak bol, Kimdigiňi tanap, bu günler öter. Bir kişiň göwnüni ýyladan bolsaň, Yssy... »

ler Öýsüzlikden Özelenerdiň (Gurbanýaz Daşgynow) Berdinazar Hudaynazarow

ler Öýsüzlikden Özelenerdiň (Gurbanýaz Daşgynow) Berdinazar Hudaynazarow

Öňler öýsüzlikden özelenerdiň, Şükür, indi tünegiň bar, tünegiň. Indi lezzeti-de ap-aýrydyr-la, Gök çaýyň başynda edýän pinegiň. Aratjanyň bolsa palaw bişirer Künjiniň ýagyny gazyň oduna. Bir ýanyňda ogluň, birinde gyzyň, Beýle döwlet düşüpmidi ýadyňa? Ýalançyda başga näme kemiň bar — Ýöne iňňirdeje... »

Ene Goşgusy Berdinazar Hudaynazarow

Ene Goşgusy Berdinazar Hudaynazarow

Mahmal sähram sen bolup, Bahar maňa bakanda, Howlukmadym hiç zada, Sen bar diýip jahanda. Yrsaradym, näz etdim, Betdim, Nähili betdim! Hernä kejiňe gitdim, Sen bar diýip jahanda. Näme diýseň tapylýar, Näme etsem hakym bar. Boldum saňa hökümdar, Sen bar diýip jahanda. Ona ýetsemem çaga, Ondan ötsemem... »

Süýt Süýde Meňzesin Çagaň Hakynda Berdinazar Hudaynazarow

Süýt Süýde Meňzesin Çagaň Hakynda Berdinazar Hudaynazarow

Süýt süýde meňzesin çagaň hakynda, Gaýmagyny ýalap, ýagy aýyrma; Säher turup guwanaýyn ekine, Gök maýsaň ýüzünden çygy aýyrma. Danalara baş bolmasyn nadanlar, Serpaý alsyn diňe ony ödänler, Bilbiller saýrasyn aladaňdanlar — Jahandan bu ajap çagy aýyrma. Bulanmasyn obalaryň çeşmesi, Ýazlar çyksyn, ba... »

Halyçy Berdinazar Hudaynazarow

Halyçy Berdinazar Hudaynazarow

Seniň bahar ýüregiňde ýüwrdülip, Gözüň guwanjyndan çitilen haly, Göterip ýör seni, namysyň bolup, Türkmen aýaly! Daňyň şapagyndan darka bölünip, Törüňe çaýylan öwüşgin ýaly. Göterip ýör seni, şöhratyň bolup, Türkmen aýaly! Ak erişler — seniň ak arzuwyňdyr, Göwnüň gözellegi — gyrmyzy göli. Göterip ýö... »

Dagy Näme, Ynanman Berdinazar Hudaynazarow

Dagy Näme, Ynanman Berdinazar Hudaynazarow

Dagy näme, ynanman— Ynanýaryn, elbetde: Bir çümmüjek gowulyk Bardyr iň bir erbetde. Şol çümmüjek gowulugy Görjek boluň, adamlar! Ýene-de bir hakykat Bardyr dünýe döräli: Ak guşdanam tapmak bor Bir çümmüjek garany. Şol çümmügi görmänräk Geçjek boluň, adamlar! Hits: 15 »

Sen Ýagty Jahana Ineliň Bäri Berdinazar Hudaynazarow

Sen Ýagty Jahana Ineliň Bäri Berdinazar Hudaynazarow

Sen ýagty jahana ineliň bäri On iki ýyl geçdi on iki gün bolup. Indi bize sensiz ýaşan ýyllarmyz Dumanlap görünýär juda geň bolup. Dil çykyp, diş çykyp öz wagty bilen, Gyşy deňleşdirdiň ýaz wagty bilen. Maňa bu dünýäde kän duşdy ýalan, Sen geldiň-de, bakdyň maňa çyn bilen. Tüf, tüf, tüweleme, meleje... »

Galkynyş Berdinazar Hudaynazarow

Galkynyş Berdinazar Hudaynazarow

Taryh alyslardan — daşdan başlanýar, Baharyň binýady gyşdan başlanýar. Beýik iş kelleden — başdan başlanýar. Egniň ýokarsynda ser bolsun türkmen. Açyk ýüregiňe bar, açyk eliň bar, Dünýäň dört künjünde gidim-gelim bar. Ata Watanyň bar, Ene diliň bar, Diliňden dökülýän dür bolsun türkmen. Gerçekler bo... »

ol Ugrunda Iki Ynsan Sataşdy Berdinazar Hudaynazarow

ol Ugrunda Iki Ynsan Sataşdy Berdinazar Hudaynazarow

Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy, Göz gözüň öňünde surata düşdi. Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi, Gijeler gözleri uky gelmedi. Artdy iki kişiň mylaýym derdi, Olar bir-birini düýşünde gördi. Gulaklary şaňlap ýada düşdüler. Bir-birini küýsäp, oda düşdüler. Pynhan-pynhan ýerde duşulan çagşar Olary il-günde... »

Läläm Berdinazar Hudaynazarow

Läläm Berdinazar Hudaynazarow

Gijem bolsa uçup geldim, Seni küýsäp öýme, Läläm. Çekdi bahar Garaguma Ajaýyp bir gaýma Läläm. Senem bahar bilen deň-duş, Gollara gir, depeden aş. Tebigatyň özem serhoş, Maňa serhoş diýme, Läläm. Çomuç bardyr goşar ýaly, Köl bar suwa düşer ýaly. Ylla, älemgoşar ýaly Başyňdaky öýme Läläm. Egniňdäki m... »

Dilleriňde Şepagat Berdinazar Hudaynazarow

Dilleriňde Şepagat Berdinazar Hudaynazarow

Dilleriňde şepagat, Ýüz-gözüňde sahawat. Salamat bol, salamat, Perişdemiň, eý adam? Agyr günde diregim, Sen ne beýle birehim? Iň ullakan soragym: Sen näme sen, eý adam? Bilmen nämeden çeşmäň, Oňmazmysyň uruşman? Özüň özüňe duşman, Sen näme sen, eý adam? Müň menzilden geçen sen, Dünýäň syryn açan sen... »

  • 1
  • 2