Çalyndykça, Jahan Çyrçygy Artar, – Magtymguly Pyragy

Çalyndykça, jahan çyrçygy artar,
Kaçan köñül karar tapar jem bolup?!
Ahyret işiñ gör, mundan baş gutar,
Dünýäni kim tutdy?-Öter gum bolup.
Dyrnak bilen daglar dilen Benijan,
Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman,
Kany ol İsgender, Rüstem päliwan,
Sen dünýäni tutajak sen kim bolup?
Bu nurbatsyz döwranyndan- dat günüñ,
Eglenji ýok, bökdenji –bat günüñ,
Oglanlykda, ýigitlikde-şat günüñ,
Garrylykda gaýdyp basar gam bolup.
Maglum işdir –gaýdajakdyr gelenler,
Barar ýeriñ işin gördi bilenler,
Gaýgysyz gezenler, gapyl bolanlar,
Wa-hasrat-a, boş gitdiler kem bolup.
Tapa bilseñ hakykatyñ merdini,
Çeşmiñe totuýa kylgyl gerdini,
Gülzüm deý günähin terin-derdini,
Çyn toba gurudar aña em bolup.
Owwal özüñ yhlasyñny düzlegin,
Her köşeden nyýaz okun gözlegin,
Bildigiñçe, mydam ýagşy sözlegin,
Ýagşy söz tapmasañ, otur sem bolup.
Magtymguly, alla adyn zikr eýle,
Ýamana sabyr eýle, ýagşa şükr eýle,
Görüstany görde, otyr, pikr eýle,
Men – men diýen ärler ýatyr gum bolup.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.