Bu Nakyldyr ,adamzat, Sen Bu Mekana Geldiň, – Magtymguly Pyragy

Bu nakyldyr ,adamzat, sen bu mekana geldiň,
Owwal ataň bilinden syzyp nahana geldiň,
Atadan enä baryp, bir katra gana geldiň,
Eneden surat bolup, bi şirin jana geldiň,
Dokuz aýy ötürip, inip jahana geldiň,
Emin enäň süýdüni, gündalyp, dona geldiň.
Ýaradan gudratyndan diş bile dahan berdi,
Sözlemäge söz bile dahanda zyban berdi,
Köňlüň gidip her ýana, turdy, aýagyň ýördi,
Ýedi sekiz ýaşynda ataň mollaga berdi,
Okyp Kuran kitaby, ulalyp, ona geldiň.
On bäş ýaşa baraňda, olanlykdan saýlandyň,
Gyz geline meýl edip, köňül berip küýlendiň,
Göýä baryp ak öýüň dört daşyna aýlandyň,
Hakyň permany bile ahyr bir gün öýlendiň,
Ýigrimi ýaşa bardyň, esbabyňny şaýlandyň,
Bedew münüp, segredip, sürüp mýdana geldiň.
Otuz ýaşa barynja, göýä bir algyr şir sen,
Dünýä gamy başynda, göýä ýüwrüp ýelir sen,
Dünýage doýmak ýokdur, bolgynça bolsun diýr sen,
Ähli musulman bolsaň, ölginçä halal iýr sen,
Kyrkynda toba eýläp, bir mürşinde ogl biýr sen,
Köňlüňni bire baglap, azyz subhana geldiň.
Elli ýaşa baranda, dogrulykda bolar sen,
Kudeklikden aýryldyň, şiweligi biler sen,
Her niçe jepa çekseň, ahyr bir gün öler sen,
Bäş wagtyňy okyban, haka şükür kylar sen,
Altymyş ýaşa baranda, garryganyň biler sen,
Eken ekiniň bişip, orak ormana geldiň.
Ýetmiş ýaşa geleňde, ganyň gaçar ýüzünden,
Ak dişleriň döküler, şugla gider gözüňden,
Kuwwat senden aýrylyp, güýjüň gaçar dyzyndan,
Hiç kişi heder etmez seniň aýdan sözüňden,
Gider bolsaň dunýaden, ýakasyz dona geldiň.
Magtymguly, mähnetdir her kim togsandan ötse,
Kem – kem geler jahana eger ýüz ýaşa etse,
Hiç kimden haraý bolmz ajal ýakany tutsa,
Imanyňy gazansaň, ýoluňny rowan etse,
Ahyr bojagyň şuldur ¬¬– teniň ýer bile ýatsa,
Işigi, tüýnügi ýok, garaňky hana geldiň.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.