Bu Dünýä Panydyr, Tutmaz Binany, – Magtymguly Pyragy

Bu dünýä panydyr, tutmaz binany,
Bu dünýäge gelen geçip baradyr.
Kimdir ýalançyda tutan jahany,
Tutanyñ ellerin açyp baradyr.
Şirin-şirin salar hasaba dünýä,
Ajy-ajy goýar azaba dünýä,
Ne ýetdir, ne tutdyr bu gahba dünýä,
Tutdym-tutdym diýseñ gaçyp baradyr.
Döwürler dolanar, gerdişler döner,
Niçeler göçerler,niçeler gonar,
Niçäniñ maşaly täzeden ýanar,
Niçäniñ çyragy öçüp baradyr.
Kimi hakdan gorkup,reññi saralyp,
Kimi dünýä kowar ýüwürip, ýelip,
Kimi ýüz hasratda, kimisi gulup,
Kimi gözde ýaşyn saçyp baradyr.
Kimi begliginde düşmez eýwandan,
Kimi ýoksullykda käýiner jandan,
Kimi haram bilip, gaçadyr mundan,
Kimi arak-şerap içip baradyr.
Kimi ýalançyda aşrete aýlap,
Kimi halal goýup, haramy saýlap,
Kimi parhyn etmeý bar işi eýläp,
Gözü bagly guş deý uçup baradyr.
Düşüp bolmaz gahba pelek alyna,
Dodagyñ tamşandyr dünýä malyna,
Bir gün oragyny alar eline,
Öl,gury dannamaý, biçip baradyr.
İki gün hoş bolsa, üç güni waýmyş,
Niçiksi menzilmiş, niçiksi jaýmyş,
Bu dünýä göýä bir kerwensaraýmyş,
Gelen ýük ýazdyryp, geçip baradyr.
Magtymguly aýdar,tiken ýok, gül ýok,
Ýigit ýok, garry ýok, hoja ýok, gul ýok,
Dilegçi dermanda, baý ýok, ýoksul ýok,-
Barçasy ýer goýnun guçup baradyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.