Bu Dünỳä Bazygärdir, – Magtymguly Pyragy

Bu dünỳä bazygärdir,
Bazysyn çaldy gitdi,
Gumrah edip niçäni,
Ýoldaş diỳip aldy gitdi.
Akyl, pikir et her haçan,
Ýüz gonan bar, ỳüz göçen,
Tagty asmandan uçan
Süleỳman öldi gitdi.
Ýa, mürüwwetli şahym,
Umydym, kyblagähim,
Munça ỳygnap Ybrahym
Nämäni aldy gitdi!
Jigerin daglaỳ-daglaỳ,
Zünnarynbaglaỳ-baglaỳ,
Niçeler aglaỳ-aglaỳ,
Niçeler güldi gitdi.
Niçeler güle dönmüş,
Gül ỳanyp, küle dönmüş,
Niçeler gile dönmüş,
Niçeler soldy gitdi.
Galar sen görde bagly,
Belli bir ỳurda bagly,
Bihuda, adam ogly,
Ýygnanyň galdy gitdi.
Akmaklyk bilen özüm,
Bilmedim sözlän sözüm,
Magtymguly diỳr, gözüm
Gan ỳaşa doldy gitdi.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.