Bu Dem Ganymatdyr, Neçün Bilmez Men, – Magtymguly Pyragy

Bu dem ganymatdyr, neçün bilmez men,
Çyksa dem, girmesi güman görüner.
Bizden burun gelen göçüpdir taňla,
Ýol uzak, garaňky, duman görüner.
Akyl olsaň iste bu ýolda bir pir,
Ryzkyňa kepildir alla, mukadder,
Altyn-kümüş, almaz, ýakut ile dür,
Hakdan gaýry tamam zyýan görüner.
Allany unudyp, aklyň ýitirme,
Her nepes ägä bol, gaflat getirme,
Bihuda, bipeýda ömrüň ötürme,
Dünýä bakasyzdyr, aýan görüner.
Hoja, seýit, patşa – soralmaz neseb,
Haşr-neşr bolsa, alarlar hasap,
Harama azap bar, şübhäge atab,
Munda ýagşy, anda ýaman görüner.
Magtymguly, habar aldym „Kurandan“,
Eser ýokdur owwal gitgen kerwenden,
Taňla ýalguz ýatmaklygyň ol görden,
Gardaş, ýylan bilen içýan görüner.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.