Bu Çölde Rehm Eýle Garyp Halyma, – Magtymguly Pyragy

Bu çölde rehm eýle garyp halyma,
Älemni ýaratgan, subhan, şypa ber!
Çoh yzaly, dertli şirin janyma,
Ýa, Mustafa, fahry-jahan, şypa ber!
On iki ymam, biri-birinden serwer,
Ýedi weli, ýaran bolup, medet ber,
Meşhet, Gara Baba, ýa Şeýs pygamber,
Hasan, Hüseýin, Şahymerdan, şypa ber!
Nuh pygamber, nazar eýle bir nepes,
Ömrümi bihuda geçirdim – ebes,
Zekeriýa pygamber, ýa, Hyzyr, Ylýas,
Kowus, Kyýas, Musa, Ymran, şypa ber!
Ybrahymyň jandan aýryldy taby,
Käbä baran hajy tapar sowaby,
Gara Älem ata, ýa Halat nebi,
Gözli ata, Baba Selman, şypa ber!
Ogul döwletini bermän egesi,
Yzynda bir nyşan ýokdur nowasy,
Döw-periniň, ynsyň, jynsyň, patyşasy,
Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber!
Özüň dogry gözle, ýa rebbim jelil,
Barçanyň ryzkyna özüň sen kepil,
Ýa Dawut, ýa Jerjis Ybraýym Halyl,
Ebabekir, Omar, Osman şypa ber!
Dat eýläp, tilimden kyldym pyganlar,
Ýaş ýerine akdy gözümden ganlar,
Horezm ýurdunda ýatan jananlar,
Ismi Mahmyt – är päliwan şypa ber!
Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma,
Ýüzüm duşsun arslanyma, gurduma,
Matymguly aýdar,meniň derdime,
Dünýäniň tebibi – Lukman şypa ber!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.