Bu Ajap Gün Bir Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

Bu ajap gün bir goşgy
Ýazmak oňmak — jenaýat.
Ylham, eger bar bolsaň,
Hemaýat ber, hemaýat.

Ýogsa galar armanym,
Bir zat çyrşawer, hanym.
Ýazanymdan ýazmanym
Gowumy ýa, jemagat?

Däl diňe gonararym,
Goşgy — namysym — arym.
Ýok bolsa hyrydarym,
Kyýamat bu, kyýamat.

Bilýärin men, biderek
Bökmez, sojamaz ýürek,
Dünýä Adalat.gerek,
Adama-da sahawat.

Ömrümboýy, eý aman,
Gaýtalaýan ýadaman:
Adam bolup adama
Etmäweri hyýanat!

Töhmet etseň, ýa toba —
Baryn alyp hasaba,
Ynsaby bar ynsana
Berse ýagşy hasabat.

Diňle dünýäň gohuny —
Görüp dursuň ahyry.
Ýüregiňde agyry,
Egniňde-de garamat.

Adam, adam, eý adam!
Sarpasyn tut bu adyň.
Miwe bersin myradyň,
Sen sag bol,
Men — salamat!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.