Bolmady Bizge Nesibiň, Istedim Güýzden Seni – Magtymguly Pyragy

Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni
Diýdiň: „Ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni“
Saýladym, seçdim, sonam, bir bölejik gyzdan seni,
Neçün biliňni guçmadym men tapyp düzden seni.
Isterim hakdan, gowuşdyrgaý maňa tizden seni.
Hak katynda sözüm ötmez, men kibi awara ýok,
Il-gün rehm eýlemezler, men kibi biçäre ýok,
Ýüregim sed para tekdir, hiç tenimde ýara ýok,
Sen garyp sen, men pakyr men, sende, mende çäre ýok,
Söwdügim, takdyry – hakdyr aýyrgan bizden seni.
Söwdügim, sen günde bir gez ýadyňa salsaň meni,
Günde ýüz katla tilär men ýaradan – hakdan seni,
Başky gün sen oda saldyň men parahat bendäni,
Hak götersin aradan, şaýed, rakyp – şermendäni,
Kyl buhl bizden ýaňa ynjytsalar sözden seni.
Bagyňa girsem säher, bilbil bolup salsam oýun,
Gaflata galsa rakyp, birden salyşsak gol boýun,
Hakdan özge çäre ýokdur, ne kylaý men, neýleýin,
Inçe bil, şirin zyban, kepder topuk sen, gaz buýun,
Saklasyn taňry penahynda ýaman gözden seni.
Haýryňy duşman görer, dostuň çeker jebri – jepaň,
Ýara, dildarlyk bolarmy sürmeýin zowky – sapaň,
Salsalar mizana, Balkan dagy bolmazdyr päheň,
Aýdadyr Magtymguly ähdiň ýalan, ýokdur wepaň,
Biwepalar hup sowutmyşlar, sona, bizden seni.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.