Bir Yşykly Suw Eýläp, Owwal Atada Bizni, – Magtymguly Pyragy

Bir yşykly suw eýläp, owwal atada bizni,
Surat eýläp jan berdiñ soñra enede bizni.
Hoşwagt eýläp gezdirdiñ darel – penada bizni,
Her işe maýyl etdiñ, nebfi – howada bizni,
Kim biler ki, neýler sen, darel – bakada bizni.
Gäh dünýä talap eýläp, hem ýortar men, ýeler men,
Gäh ýyglap öz halyma, gäh şoh olup, güler men,
Men bir ejiz bende men, saña arzym kylar men,
Hudaý – a , kylma ryswa, keremiñden tiler men,
Bu dünýäýi – kyýamat goýma, uýada bizni.
Asy bolup ýüwür sen, köp güle – güle bu dem,
Azap çekip ýatar sen ýeriñ astynda bi dem,
Ýyglaýyp ýeke galsaň, kim saňa ola hemdem?
Ýer saňa aýdar muny: “Eşit, eý, gapyl adam!”
Goýmazlar hoş gezmäge ýalan dünýäde bizni.
Tutsalar gyl köprüde, durmasa anda daban,
Soralan wagt haýr-u şer, ýessirlena hasaban,
Mümüne hoş wagdadyr wesakkahum şeraban,
Diýse ol wagt käpirler:ýa, leýteni turaban
Ýa, reb, ol gün lutf eýläp, atmagyn oda bizni!
Hakykatyň ýoluny rehbersiz gezmek olmaz,
Jemal istegen aşyk görmeýen gyzmak olmaz,
Aşyklygyň belasyn çekmeýen syzmak olmaz,
Wysaly doýmak olmaz, hijrana dözmek olmaz,
Örteme ýsk oduna mundan zyýada bizni!
Gel, köňül, sabyr eýlegil, munçakly oda düşme,
Az bilip, köp sözleýip, gam çeşmesini işme.1
Bitap olup döker men, gözýaşym çeşme-çeşme,
Ýagşy-ýaman işimiň hiç birine garyşma,
Günähim güzeşt eýläp, ýetir myrada bizni!
Magtymguly, binowa , biçäre andalyby,
Bir parça gam döwrany, bolmuş anyň nesibi,
Ýygylsa, kylmaz çäre, aňa dehriň tebibi,
Her mejlisde söhbetde şät eýläň biz garyby,
Eý, ýaranlar, ýat ediň haýr-u dogada bizni
*
1 “Içme” manysynda.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.